Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RFE/RL-niň prezidenti gyrgyz lideri bilen duşuşdy


Düýn Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeffri Gedmin özüniň Gyrgyzystana edýän üç günlük saparynyň barşynda ýurduň prezidenti Roza Otunbaýewa bilen duşuşdy.

Bu duşuşykda ol Roza Otunbaýewa bilen Gyrgyzystandaky metbugat azatlygynyň ýagdaýy, ýakynda ýurduň günortasynda ýüze çykan etniki çaknyşyklar hem-de geljek aý geçiriljek parlament saýlawlary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Bişkekde geçen bu duşuşykda prezident Otunbaýewa Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň bu ýurtda iň bir ygtabarly habar çeşmelerinden biri hasaplanylýandygyny aýtdy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeffri Gedmin Bişkege saparynyň barşynda parlament deputatlary we žurnalistler bilen geçiren duşuşyklaryndan daşary, ýurduň Milli Döwlet uniwersitetiniň studentleri bilen sorag-jogap diskussiýasyny-da geçirdi.

Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäherine eden saparynda bolsa, Jeffri Gedmin ýerli administrasiýanyň ýolbaşçylary we etniki çaknyşyklarda ejir çeken käbir raýatlar bilen duşuşdy.

XS
SM
MD
LG