Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan we ÝB özara proýekti maslahat etdiler


7-nji sentýabrda ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin monitoring programmasynyň regional koordinatory Braýan Morganyň Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyklary boldy. Munuň öň ýanynda ÝB-niň wekili Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutynda hem duşuşyk geçiripdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin monitoring programmasynyň regional koordinatory Braýan Morganyň Türkmenistanyň Mejlisinde geçiren duşuşygynda türkmen parlamentiniň alyp barýan işi bilen tanşanlygy türkmen metbugatynda habar berildi.

Resmi maglumatlarda bellenişine görä, Mejlisdäki gepleşiklerde taraplar Türkmenistanyň we ÝB-niň arasynda alnyp barylýan gatnaşyklara baha berip, “Adam hukuklarynyň goralmagyna ýardam bermek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini berkitmek proýektiniň” durmuşa geçirilişini maslahat etdiler. Proýekte Braýan Morganyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we prezidentiň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutynda geçiren gepleşiklerinde hem garaldy.

Proýektiň üç ýylyň dowamynda durmuşa geçirilip, ýurduň halkara guramalary bilen netijeli gepleşikleri ýola goýmagy göz öňünde tutulýar. Proýekt ýurduň adam hukuklary boýunça sosial-kanun sistemasyny kämilleşdirmek we dürli temalara bagyşlanan halkara forumlaryny, türgenleşiklerini we tanyşdyryjy saparlaryny geçirmek çärelerini öz içine alýar. Bu barada türkmen metbugatynda aýdylýar.

“Ýagdaý öňküligine galýar”


ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin monitoring programmasynyň regional koordinatorynyň türkmen tarapy bilen geçiren gepleşiklerinde ýurduň ynsan hukuklaryna degişli meseleleriň näderejede gozgalanlygy mälim edilmedi. Braýan Morganyň Türkmenistana sapary barada Ýewropa bileleşiginiň Brýusseldäki edarasyndan hem maglumat almak başartmady.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistan halkara gatnaşyklaryny, şol sanda Günbatar döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny ösdürip başlan hem bolsa, ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň agyrlygyna galýanlygyny belleýärler. Olar raýatlaryň pikir, söz we hereket azatlygynyň çäklendirilýänligini, şeýle-de ýurtda tankyda ýol berilmeýänligini öňe sürýärler.

Amnesty International guramasynyň Türkmenistan boýunça bilermeni Andrea Şprasse Kamani Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde türkmen häkimiýetleriniň açyk-aýdyňlykdan hem boýun gaçyrýanlygyny we hökümete degişli bolmadyk halkara guramalary, şol sanda Amnesty International bilen hem dialogdan ýüz öwürýänligini belledi.

Amatly pursat

Adam hukuklaryny goraýjynyň pikirine görä, Türkmenistan bilen gepleşiklerinde energiýa we ykdysady gatnaşyklaryna esasy üns berýän Ýewropa Bileleşigi türkmen ýolbaşçylaryndan ýurduň halkara borçlarynyň ýerine ýetirilmegini talap etmeli we graždanlaryň hukuklaryna hormat goýulmagyna degişli takyk talaplaryň berjaý edilmegi üçin basyş görkezmeli. Munuň üçin soňky döwürde amatly pursatyň emele gelenligini Andrea Şprasse Kamani belledi.

2008-nji ýylda Türkmenistan we ÝB energiýa hyzmatdaşlygy ugrunda birek-birege düşünişmek barada memoranduma gol çekdiler. 2009-njy ýylyň aprel aýynda Ýewropa Parlamenti Türkmenistan bilen ýaranlyk we hyzmatdaşlyk boýunça wagtlaýyn ylalaşygy makullady. Häzirki wagtda taraplaryň arasynda energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek tagallalarynyň çäginde “Nabukko” proýekti boýunça gepleşikler gidýär.

ÝB-niň resmileri Türkmenistany adam hukuklary bilen bagly problemalary üçin açyk tankyt etmeýän hem bolsalar, Amnesty International guramasynyň wekili Andrea Sprasse Kamaniniň sözlerine görä, adam hukuklaryny goraýjy guramlar bilen dialogynda ÝB-niň resmileri Türkmenistanda adam hukuklarynyň depelenmegi bilen bagly aladalanma bildirýärler.

Näme üçin açyk tankyt edilmeýär?

Synçylar problemalaryň açyk aýdylmagynyň ähmiýetini belleýärler. Merkezi Aziýa boýunça syýasy bilermen Artýom Ulunýan Türkmenistanyň energiýa serişdelerine gyzyklanýan ÝB Türkmenistandaky problemalary açyk tankyt etmeýänliginiň sebäbini Bileleşigiň ýaňy ýola goýlan gatnaşyklara zeper ýetirmekden heder edýänliginden görýär. Bilermeniň pikirine görä, hut şunuň özi hem Türkmenistan ýaly awtoritar režimleriň özleriniň demokratiýanyň aýratyn bir görnüşlerini gurýandyklary barada yglan etmegine şert döredýär.

Soňky ýyllarda halkara dialogyny güýçlendiren Türkmenistan Günbatar döwletleri, ÝB, BMG we ÝHHG bilen bilelikde amala aşyrýan proýektleriniň çäklerinde halkara duşuşyklary we konferensiýalary ýaly çäreleri geçirýär.

Resmi maglumatlarda prezident G.Berdimuhamedowyň insiatiwasy bilen ýurtda demokratik özgerişlikleriň amala aşyrylýanlygy yglan edilýär. Emma Andrea Şprasse Kamani halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistanda adam hukuklary bilen bagly ýagdaýyň gowulanýanlygyny aňladýan takyk ädimleri görmek isleýänligini belledi.

Türkmen metbugatynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin monitoring programmasynyň regional koordinatory Braýan Morganyň Turkmenistana saparynyň çäginde Durmuş taýdan üpjünçilik hem-de Ykdysadyýet we ösüş ministrliklerinde hem duşuşyklaryň geçirilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG