Sepleriň elýeterliligi

BP jogapkärçiligi üç bolup paýlaşmak isleýär


“British Petroleum” kompaniýasy Meksika aýlagyndaky nebit çykarýan platformada bolan partlamanyň jogapkärçiliginiň bir bölegini ykrar etdi.

Partlamadan soň ägirt uly möçberde nebit aýlagyň suwuna akyp, ony saklamak işi birnäçe aýa çekipdi.

Bu betbagçylygyň sebäplerini derňemek üçin geçirilen barlaglaryň netijeleri boýunça kompaniýanyň taýýarlan hasabatynda jogapkärçiligiň belli bir bölegi beýleki kompaniýalaryň üstüne atylýar.

Partlama bolan ýerde burawlaýyş enjamlary “Transocean”, sementlemek işleri “Halliburto” kompaniýalaryna degişli eken.

“British Petroleum” kompaniýasynyň hasabatyna iki kompaniýa-da eglenmezden reaksiýa bildirdi we konserniň öz jogapkärçiligini başgalaryň üstüne atmaga synanyşýandygyny aýtdy.

Bu heläkçiligiň netijelerini ýok etmek üçin “British Petroleum” konserni eýýäm milliardlarça dollar harç etdi.
XS
SM
MD
LG