Sepleriň elýeterliligi

Pastor Gurhany ýakmak planyndan el çekenok


Barak Obamanyň administrasiýasynyň, harbylaryň we dini liderleriň ýiti tankydyna garamazdan, 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan terroristik aktyň ýyl dönümine gabatlap, Gurhany ýakmak planyndan Florida ştatyndaky ewangel keliseleriniň biriniň pastory Terri Jons el çekmekçi däl.

Jons düýn metbugat konferensiýasynda çykyş edip, öz kelisesiniň şol plany bilen bagly diňe bir negatiw däl, oňyn seslenmeler hem alandygyny aýtdy.

Şol bir wagtda-da pastor NATO güýçleriniň Owganystandaky serkerdesi Deýwid Petreusyň beýannamasynda agzalan ýagdaý barada ýene bir gezek oýlanyp görjekdigini nygtady.

General Petreus: “Musulmanlaryň mukaddes kitabynyň ýakylmagy Owganystandaky amerikan harbylary üçin howp döreder” -diýipdi.

Gurhany ýakmak planyny Watikan hem ýazgardy. Watkanyň wekili Lombardi şeýle diýdi: “Beýle iş ýigrenjiň we zorlugyň täze tolkunyny döreder. Bu parahatçylyk döretmek ugrundaky ters ädimdir. Biz, dindarlar we adamlar asudalyga tarapdar, şonuň üçin parahatçylyga çagyrýarys” diýip, Watikanyň wekili aýtdy.
XS
SM
MD
LG