Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowada 21-nji noýabrda parlament saýlawlary geçiriler


Möhletinden öň parlament saýlawlary Moldowada 21-nji noýabra bellendi.

Häzir häkimiýet başyndaky “Ýewropa integrasiýasy ugrunda alýans” koalisiýasynyň maslahatyndan soň bu barasynda demokratlaryň lideri Marian Lupu düýn žurnalistlere aýtdy.

Ýurtda syýasy krizis dowam edýär. Saýlawçylaryň az gatnaşandygy üçin 6-njy sentýabrda prezident saýlamagyň düzgünini üýtgetmek boýunça geçirilen referendum hasaba alynmady.

Geçen ýylyň baharyndan bäri Moldowanyň parlamentine ýurduň prezidentini saýlamak başartman gelýär, şonuň üçin dolandyryjy koalisiýa prezidenti ählihalk saýlawlarynda saýlamak teklibini saýlawçylara hödürläpdi.
Kommunistler referendumy boýkot etmäge çagyrypdy.
XS
SM
MD
LG