Sepleriň elýeterliligi

Ýaroslawlda halkara syýasy forum açylar


Şu gün Orsýetiň Ýaroslawl şäherinde “Häzirki zaman döwleti: demokratiýanyň ösüşi we netijeliligiň ölçegleri” atly halkara syýasy forum açylýar.

Eýýäm ikinji gezek geçirilýän forumyň işine Günorta Koreýanyň prezidenti Li Men Bak, Italiýanyň premýer-ministri Silwiýa Berluskoni, syýasatçylar, ekspertler, biznesmenler gatnaşýar.

Anna güni forumda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew çykyş eder.
XS
SM
MD
LG