Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň paýtagty Yslamabatda üç adam tussag edildi


Şu ýylyň maý aýynda Nýu-Ýorkuň merkezinde terakt gurnamaga synanyşyga gatnaşygy barlykda güman edilýän üç adamyň Pakistanda tussag edilmegine ABŞ kanagatlanma bildirdi.

Döwlet departamentiniň wekili Filip Krouly Nýu-Ýorkda Taýms-skwerde partlama taýýarlyk görmekde aýyplanyp, tussag edilen pakistan asylly amerikan raýaty Faýsal Şahzadyň ýeke özüniň hereket etmändigine, onuň Pakistandaky ekstremistlerden kömek alandygyna Waşingtonda ynanýandyklaryny aýtdy.

Iki hepde mundan öň güman edilýän üç adamyň Yslamabatda tussag edilendigini Pakistanyň polisiýasy öň habar beripdi. Olar pakistan talyplary bilen baglanyşyklydyr güman edilýär.

Derňewiň maglumatyna görä, güman edilýänler Faýsal Şahzada pul iberipdirler.
XS
SM
MD
LG