Sepleriň elýeterliligi

Ýalyn Gazagystandan Orsýete geçýär


Gazagystanyň territoriýasynda ýanýan tokaýlaryň ody üç ugur boýunça Altaý ülkesine hem Nowosibirsk oblastyna tarap süýşýär -diýip, Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi habar berdi.

Gazagystandan gelen ýalyn Altaý ülkesinde Nikolaýewsk obasyny ýakyp kül etdi, ýüzlerçe jaý ýanyp, müň gowrak adam öýsüz-öwzarsyz galdy. Beýleki ilatly nokatlara-da ýangyn howpy abanýar.

Ýangyn söndürmäge ýüzlerçe adam gatnaşýar. Şol etraplara Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň uçarlary ugradyldy. Olary öz territoriýasynda ulanmaga Gazagystan razylyk berdi.
XS
SM
MD
LG