Sepleriň elýeterliligi

Daşarky dünýä üçin ýapyk türkmen döwlet sistemasynda dolandyryşyň ondan-da berk ýapyk ugurlary bar. Oňa, belki, iň möhüm kararlary kabul edýän, býujet serişdelerini paýlaýan iň gizlin gurluşlar girýän bolmagy mümkin. Şol gurluşyň alyp barýan işini diňe käbir daşky alamatlar boýunça anyklamak mümkin.

Şu ýylyň başynda Türkmenistanyň ýolbaşçylary ägirt uly gurluşyklaryň başlanýandygyny, oňa ägirt uly möçberde serişde goýberilýändigini yglan etdi. Plan boýunça soňky iki ýyldaky uly gurluşyklar tapgyry üçin tas 24 milliard dollar goýberilýär. Elbetde, ýuduň içindäki gurluşyk firmalaram, daşary ýurt kompaniýalaram döwletiň bu ýagly omaçasyndan paý almak üçin alada baryny edýärler.

Milliardlar we “Polimeks”

Döwlet zakazyndan paý almaga dalaşgär gurluşyk firmalarynyň arasynda bärsinden bir korporasiýa öňe saýlanýar. Ol beýleki firmalar bilen deňeşdirilende, Aşgabadyň ynamyna, goldawyna köp eýe bolýar. Ol türk firmasy “Polimeks”. Haýsydyr bir gizlin sebäplere görä, bu türk firmasy türkmen hökümetiniň köp milliardlyk gurluşyk programmasynda iň uly we ýagly omaçany alyp gelýär. “Polimeks” Aşgabatda medeni-dynç alyş merkezini, Harby institutyň, Ofiserler öýüniň we harby uçilişäniň binalaryny gurar.

Türkmenistanda gurulmaly 2 millard dollara golaý bahasy bolan Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy hem düýbi Türkiýede ýerleşýän “Polimeks” kompaniýasyna tabşyryldy. Bu kompaniýanyň guran we gurýan proýektleriniň 90%-e golaýy Türkmenistanda ýerleşýär. Bu barada “Polimeksiň” internet saýtynda aýdylýar. “Polimeksiň” Türkmenistanda amala aşyran we amala aşyrýan proýektleriniň umumy bahasy 17 milliard dollara baradar bolup durýar diýip, türk metbugaty hem habar berýär.

Şäheriň merkezinden taganaýak we ak mermerli tribuna aýrylar. Onuň ýerinde iň häzirki zaman tehnikasy bilen üpjün edilen tribuna bina ediler. Bitarap Türkmenistan köçesinde, Köpetdagyň eteginde 95 metrlik Bitaraplyk monumenti gurlar. Bulardanam başga “Polimeks” fontanlaryň we suwaryş sistemasynyň durkuny täzelär, şeýle-de Garaşsyzlyk seýilgähiniň territoriýasyny doly abadanlaşdyrar.

Näme üçin we nähili ýol bilen “Polimekse” şeýle uly döwlet buýurmasyny almak başardýar? Bu soragyň jogaby diňe bir Türkmenistandaky däl, tutuş Merkezi Aziýadaky awtoritar režimleriň tebigatynda ýatyr. Hususy telekeçileriň, ylaýta-da daşary ýurt firmalarynyň üstünligi tutuş region boýunça täsirli arka we häkimiýetiň iň ýokary gatlagyndaky güýçli howandar prinsipinde gurnalýar.

Perdäniň arkasy

Arkadag bolmaga prezidentiň ýa onuň orunbasarynyň ýa-da ministriň gös-göni gatnaşmagy hökman däl, ýöne hakykatyň hatyrasyna bellesek, sanalanlaryň içinde araçylaram bar. Zakaz almaga ýol açmakda esasy roly prezidentiň ýakyn töweregi bilen gowy gatnaşykdaky başga adamlar oýnaýar. Şol adamlaryň ady köpçülikleýin habar serişdelerinde tutulmaýar diýen ýaly. Şol adamlaryň ýüzi hökümet hronikasynda kadryň arkasynda galýar. Hut şol adamlaryň teklibi bilen döwlet zakazy gurluşygy ýerine ýetirijileriň arasynda paýlanýar.

“Polimeks” kompaniýasynyň bähbitlerini ýokarda kimler goraýar, oňa gowy şert-mümkinçilikler döredýär, ol nämelere eýe boldy - bular barasynda çak etmek galýar. Bu ýerde diňe bir türk firmasynyň bähbitleri goralmaýar. Sebäbi howandarlyk, arkadag bolmak işi mugt däl, onuň gaty uly baýragy bar. Aslyýetinde şol araçy-dellallar özboluşly bir döwlet içindäki döwlet. Olar iň ynamdar adamlaryň klanyna degişli. Şol ynamy diňe it wepalylygy bilen gazanmak mümkin däl. Adatça, şunuň ýaly birek-birege bolan ynamly gatnaşyklar uzak ýyllaryň, onýyllyklaryň dowamynda ýola goýulýar, pugtalandyrylýar.

Şeýlelikde, gürrüňini edýän adamlarymyzy häkimiýetde Nyýazow döwründen galan adamlar hasaplamak mümkin. Olar şol döwrem ynamdardylar. Şu günki günem iň bir üýtgeşik ýagdaýda, orunda otyrlar. Şol adamlary türkmen jemgyýetinde gowy tanaýarlar. Prezidentiň hatargözünde olar beýle bir köp däl, ýöne şolarsyz ýurtda iň möhüm kararlar kabul edilmeýär, býujet serişdeleri paýlanmaýar.

Ýurdy kimiň dolandyrýandygy barasynda gürrüň edilse, býujet bilen kuwwaty ardyrylan, ýarym gizlin, syýasy uzak ýaşlylaryň toparjygy diýmek bolar. Eger býujetiň uly bölegi öňünden şol adamlara degişli edilip goýlan bolsa, munda geň galarlyk zat ýok.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG