Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Belarusyň resmisini kabul etdi


Düýn prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Belarusyň prezidentiniň kömekçisi Wiktor Şeýman bilen gepleşik geçirdi.

Bu duşuşykda Wiktor Şeýman Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň ýörite hatyny türkmen prezidentine gowşurdy.

Gepleşigiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Belarusyň gatnaşyklarynyň möhüm ugurlardaky ösüşleri, şeýle hem bu hyzmatdaşlyklary ösdürmekligiň ugurlary barada pikir alyşdylar.

Maslahatlaşylan proýektleriň hatarynda Lebap welaýatynda dökün önümçilik kombinatyny gurmak boýunça alnyp barylýan özara proýektiň hem aýratyn üns merkezinde bolandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG