Sepleriň elýeterliligi

Mladiçiň «öli» diýlip yglan edilmegine dyrjaşylýar


Şu gün bosnýaly ozalky serb goşun komanduýuşisi, gözleg astynda ýören Ratko Mladiçiň maşgala agzalary onuň resmi ýagdaýda «öli» diýlip yglan edilmegi üçin çalyşjakdyklaryny mälim etdiler. Bu barada şu gün Ratko Mladiçiň maşgala adwokaty ýörite beýanat bilen çykyş etdi.

Ýewropada iň bir esasy uruş jenaýatçylaryndan biri hasaplanylýan Ratko Mladiç uruş we genosid jenaýatçylyklarynda bildirilýän aýyplamalar boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň harby tribunalynyň gözlegi astynda bolmagynda galýar.

Ol käbir beýleki jenaýatçylyklar bilen birlikde, 1995-nji ýylda Bosniýanyň Srebrenisa obasynda 8 müň töweregi ýerli musulman ýaşaýjysyny köpçülikleýin gyrmak jenaýatçylygynda-da aýyplanylýar.

Şu hepdäniň çarşenbe güni Serbiýanyň sudy Ratko Mladiçiň maşgalasynyň ony resmi ýagdaýdy «öli» diýip yglan etmek baradaky haýyşyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi.
XS
SM
MD
LG