Sepleriň elýeterliligi

Ýewroparlament Fransiýanyň hökümetine çagyryş edýär


Şu gün Ýewropa Parlamenti Fransiýanyň hökümetini bu ýurtdaky syganlary mejbury göçürmek syýasatyny haýdan-haý bes etmeklige çagyryp, ýörite rezolýusiýa kabul etdi.

Bu baradaky rezolýusiýanyň taslamasyny Ýewroparlamentiň deputatlaryndan 377-si goldap, oňa 245-si garşy ses berdi.

Bu wakanyň fonunda bolsa, Fransiýanyň Ýewropa meseleleri boýunça ministri Pýer Lelouçe Rumyniýanyň häkimiýetlerini ýerli syganlary jemgyýete integrirlemek boýunça gyssagly planlary işläp düzmeklige çagyryp, çykyş etdi.

Ýatladyp geçsek, geçen aý prezident Nikolas Sarkoziniň merkezi hökümeti Fransiýada bikanun lagerlerde ýaşap ýören syganlary ýurtdan ekstradisiýa etmek çäresine başlapdy.

Şu günki güne çenli Fransiýadaky syganlardan müňe golaýy olaryň gelen ýurtlary bolan Bolgariýa we Rumyniýa ekstradisiýa edildi.
XS
SM
MD
LG