Sepleriň elýeterliligi

Gazagystandaky ýangynlarda 5 adam öldi


Şu gün Gazagystanyň häkimiýetleri ýurduň demirgazyk regionynda dowam edýän tokaý ýangynlarynda azyndan 5 adamyň ölendigini tassykladylar.

Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi häzirki wagt bu tokaý ýangynlarynyň öňüni almak üçin 500-den gowrak ýangyn söndürijiniň göreş alyp barýandygyny mälim etdi.

Bu ýangynlardan käbiriniň Orsýetiň Altaý regionyndaky tokaý ýangynlaryndan Gazagystanyň territoriýasyna geçendigi habar berilýär.

Orsýetiň häkimiýetleri Sibir regionynda ýüz beren bu ýangynlarda 400-den gowrak ýaşaýyş jaýynyň ýanandygyny habar berdiler.
XS
SM
MD
LG