Sepleriň elýeterliligi

Orsýetdäki partlamada azyndan 17 adam öldi


Şu gün Orsýetiň Demirgazyk Osetiýa regionynyň merkezi şäherinde janyndan geçen hüjümçiniň maşyna ýerleşdirilen bombany partlatmagy netijesinde azyndan 17 adam ölüp, 80 töweregi adam ýaralandy.

Bu partlama regionyň paýtagty Wladikawkaz şäherindäki esasy söwda bazarynyň girelgesinde amala aşyryldy.

Bu wakanyň yzy bilen şu gün geçirilen hökümet maslahatynda Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin bu hüjümi gurnanlary ele salmak üçin kanun goraýjy organlaryň ähli çäräni görjekdiklerini nygtady.

Şeýle hem, ol bu wakada ejir çekenlere we olaryň hossarlaryna maliýe ýardamlarynyň beriljekdigini aýtdy.

Häzirlikçe bu uly ýitgili hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG