Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň daşary syýasatda gazanan üstünligi


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Daşarky gatnaşyklar baradaky geňeşde çykyş edýär, 8-nji sentýabr.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Daşarky gatnaşyklar baradaky geňeşde çykyş edýär, 8-nji sentýabr.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Amerikanyň ýolbaşçylygynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Eýranyň garşysyna girizilen sanksiýalary we Orsýet bilen täze START şertnamasy baradaky gepleşikleri Obamanyň administrasiýasynyň daşary syýasatda gazanan üstünligi diýip, öwdi.

Hanym Klinton 8-nji sentýabrda Daşarky gatnaşyklar baradaky geňeşde eden çykyşynda Amerikanyň ýaranlary bilen gatnaşyklaryny güýçlendirmeginiň oňat netije berýändigini belledi: “Biz bu strategiýanyň bähbitlerini indi aradan ýyl ýarymdan köp wagt geçensoň görýäris. Biz Amerikanyň bähbitlerini ilerledip, gyssagly problemalaryň käbirinde öňegidişlik gazanýarys. Amerikan ýolbaşçylygynyň bu ülňüsiniň netije berýändigini bu gün ynam bilen aýdyp bilýäris. Bu howply dünýäde gowy umyt berýän şu”.

Birleşen Ştatlaryň daşary syýasatda gazanan saldamly üstünligi Eýranyň garşysyna täze sanksiýa girizmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary Hytaý bilen Orsýetiň goldawyny gazanandygy. Bu sanksiýalardan maksat Eýranyň jedelli ýadro programmasyny togtatmagy. Ýöne bu mesele üçin diplomatik çözgüt hem agtarylman duranok.

“Girizilýän sanksiýalar, görkezilýän gysyşlar esasy maksat däl. Bular gepleşikde çözgüde hyzmat etmeli gurallar. Biziň ýaranlarymyz we biz gepleşikler arkaly çözgüt agtarmak wadamyzda durus. Eýran ýolbaşçylarynyň saýlap tutmaly ýoly belli. Olar ýa öz üstlerine alan borçlaryny ýerine ýetirmeli ýa-da izolýasiýa we onuň bilen baglanyşykly harajatlary çekmäge taýýar bolmaly. Eýranyň näme karara gelýänini görübereris” diýip, Klinton aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň aýtmagyna görä, Orsýet bilen täze START şertnamasyna getiren gepleşikler hem ýeňil iş bolmandyr. Hanym Klinton bu barada administrasiýa tarapyndan häli-şindi aýdylýan pozisiýany gaýtalap, Orsýet bilen bir ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginiň başga meselelerde oňuşmazlygyň ýok däldigini aňlatmaýanlygyny belledi.

“Käbir meselelerde, mysal üçin, Hytaý bilen adam hukuklary ýa Orsýetiň Gürjüstany eýelemegi barada ylalaşmazlyk ýok däl. Birleşen Ştatlar öz pikirlerini aýdyp, öz tutumynda durmakdan çekinmez. Bu ýurtlar täsiriň artmagy bilen köpelýän jogapkärçiligi kabul etmeseler, biz hem öz ýaranlarymyz bilen birlikde olara bu ugry üýtgetmekleri üçin gysyş görkezeris” diýip, Klinton aýtdy.

Klinton öz çykyşynda Yrak we Owganystan barada kän agzamady. Ýöne ol: “9 ýyla golaý Owaganystanda barýan uruş biziň mydama ýadymyzda we gün tertibimizde iň ýokary orunda durýar” diýdi. Ol Birleşen Ştatlaryň silden ejir çeken Pakistana kömek edýänligini hem-de Waşingtonyň ýolbaşçylygynda Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda göni gepleşikleriň täzeden ýola düşenligini belledi.
XS
SM
MD
LG