Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Patyşalaryň baýlygynyň agramy näçe?


Siz nähili pikir edýärsiňiz? Patyşalaryň baýlygynyň agramy näçeräkdir? (Dollar görnüşinde bolsun, gyzyl pul görnüşinde bolsun, tapawudy ýok) Olaryň gazanany näçe wagta ýeterkä?

Gadym döwürlerde bu sowallary bir akyldara beripdirler. Akyldar şonda sowallara şeýle jogap beripdir: «Patyşalaryň baýlygynyň agramy bir gysym samançadyr. Onuň ýetjek wagty hem bir gysym samany ýele sowraňda nirä ýetýän bolsa, şonçarakdyr».

O näme üçin beýle bolýar? Patyşalar ýyllar boýy, ömür boýy baýlyk toplaýar, humlary gyzyl puldan doldurýar, onuň agramy hem bir gysym samança bolaýmalymy?

Patyşalaryň taryhyna degişli kitaplary okaýarsyň welin, şol akyldaryň diýeni bilen ylalaşýaň oturyberýäň. Türk patyşalary, ors patyşalary, pars patyşalary, arap patyşalary… Baý, olaryň köplügini. Biri-birinden baý, biri-birinden köp, biri-birinden zalym… Ýöne, hany olaryň baýlyklary?! Hersiniň patyşalygynyň bir bahana bilen dargap gidişi ýaly, olaryň baýlyklary hem dargap gidipdir. Birini onuň yzyndan tagta geçen dargadýar, soňky geleni ondan soňky gelen dargadýar. Adam ganlaryny seçip, kösenilip gazanylan şa baýlyklary-da akyldaryň aýdan bir gysym samany kimin ýele sowrulyp gidýär.

Bu näme üçin beýle bolýar?

Her bir adam özüniň halal gazanjy bilen hiç kimden artyk baýlyk gazanyp bilmeýär. Artykmaç baýlygyň bar ýerinde haramlygyň barlygy düşnükli. Haram baýlyk— öz gazanmadyk puluň. Zähmet çekilip gazanylmadyk pul. Diýmek, ol başga biriniňki, ýagny, köpüňki — halkyňky. « Iliň haky — belanyň oky» diýýär türkmenler. Türkmenler halky närazy edip, halkdan ogurlanyp gazanylýan puluň, baýlygyň hiç wagt nesip etmeýändigine ynanýarlar. Bu zatlara patyşalaryň taryhyna degişli kitaplary okanyňda hem göz ýetirip bolýar. Patyşa patyşalyk kürsüsinden düşenden onuň baýlygy-da dargadylýar. Biziň zamanamyzda-ha hezillik boldy. Halka degişli baýlygy alyp, gaçyp gidýän patyşalary Interpoluň üsti bilen tapyp, hasabat sorap bolýar.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýogalan günleri onuň daşary ýurt bankyndaky hasabynda kän puluň bolandygy hakdaky gürrüň ýurda ýaýrady. Eger şol gürrüň dogry diýip hasap etsek, bir adam onça puly nädip gazanyp bilýär. Onça puluň bir adamyň zähmetinden üýşmejegi görnüp dur.

Türkmenistanyň Nyýazowdan öňki ýolbaşçysy — Türkmenistanyň Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary Muhammetnazar Gapurowyň aýlygy 480 rubldy. Şol wagt bir rubly bir dollara deň hasaplaýardylar. Diýmek, şol wagt respublikanyň ýolbaşçysy 480 dollar alýan eken. Sowet soýuzynyň ýolbaşçysy Stalin ýogalanda onuň iki sany penjeginiň bolandygy hakda Stalin baradaky dokumental filmde gürrüň berilýär. Sowet soýuzynyň soňky ýolbaşçylarynyň biri Brežnewiň-de daşary ýurt bankynda hiç bir pulunyň bolmandygy barada kitaplardyr filmlerde ýazdylar.

Biziňki şeýleräk boldy...

Sowet soýuzy ýykylansoň, oňa degişli köp respublikalaryň ýolbaşçylary korrupsiýada aýyplandylar. Nämüçindir, biziň zamanamyzyň ýolbaşçylary baýlygy gowy görýän adamlar bolup dörediler. Diňe Sowet soýuzyna degişli respublikalaryň ýolbaşçylary däl, dünýä habarlarynyň maglumatlaryna görä, jahanyň kän ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň halkyň hakyny iýijiler bolanlygy sebäpli, wezipelerinden çetleşdirilýändigi köpçüligiň dykgatyna ýetirilýär. Bu zatlar bolsa halka degişli baýlygy ogurlamagyň, halkyň hakyny iýmegiň gowy zadyň üstünden eltmeýändigine şaýatlyk edýär.

Halkyň ählisine deň göz bilen seretmeli. Hiç kim hiç kimden artykmaç iş edenok. Ýurduň baýlygy hemmeler üçin deň paýlanmaly. Ol baýlygy halka bermän, wezipäňden peýdalanyp ýygnanyň bilenem, ol saňa nesip etmeýär. Munuň şeýle bolýandygy hakdaky ýazgylar taryh gatlarynda dur.

Nyýazowyň töweregindäki uly wezipelerde işläp, korrupsiýa goşulyp, türmelere giden ýolbaşçylaryň, ellerinden baýlyklary alnan ýolbaşçylaryň ykbaly hem sapak edinerlik ýagdaýdyr.

«Iliň haky — belanyň oky» diýýär türkmenler. Sen wezipäňe daýanyp, näçe baýlyk ýygnaber. Ol ahyr bir gün ykbalyň oýny bilen dargap gidýär. Halkyň haky hiç kime nesip etmeýär. Şonuň üçin nähili belent kürsüde oturýan bolsaň-da, halal ýaşajak bolmaly.

Döwlet Hojamedow türkmenistanly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG