Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Floridaly pastor Gurhan ýakmak aksiýasyndan el çekýär


ABŞ-nyň Florida ştatyndaky ewangel keliseleriniň biriniň pastory Terri Jons Gurhan ýakmak aksiýasyny geçirmeklikden el çekmekçidigini yglan etdi.

Şu gün prezident Barak Obama Florida ştatynda Gurhan ýakmak aksiýasyny planlaşdyrýan hristian ybadathanasynyň ýolbaşçysyny bu plandan el çekmeklige çagyrypdy.

Jonsyň aýtmagyna görä, onuň bu çäreden el çekmegine 2001-nji ýylda Nýu-Ýorkda bolan terror hüjüminde ýykylan Bütindünýä söwda merkeziniň ýerleşen ýeriniň golaýynda guruljak Yslam medeni merkezi boýunça planyň lideriniň bu merkezi başga bir ýerde gurmaga razy bolmagy sebäp bolupdyr.

Emma Nýu-Ýorkuň ymamy Feisal Abdul Rauf Yslam medeni merkezini başga bir ýerde gurmak barada Terri Jons bilen haýsydyr bir ylalaşyga gelnendigini ret edýär.

Ýakynda Birleşen Ştatlaryň Florida ştatyndaky hristian ybadathanalaryndan biri şu hepdäniň şenbe güni, 11-nji sentýabr hüjüminiň ýyl dönümine gabatlap Gurhan ýakmak aksiýasyny geçirmekligi planlaşdyrýandygyny yglan edipdi.

50 töweregi agzasy bolan «Dove world outreach center» diýlip atlandyrylýan bu ybadathananyň pastory Terri Jons Gurhan ýakmak çäresiniň yslam radikalizmine garşy jogap hökmünde geçiriljekdigini aýdypdy.

Dünýäniň käbir ýurtlarynyň liderleri beýle çäräniň dini konfliktlere has-da meçew bermeginin mumkindigini duýduryp, muny ýazgaryp çykyş edipdiler.
XS
SM
MD
LG