Sepleriň elýeterliligi

Hökümet maslahatynda 8 aýyň jemlerine seredildi


9-njy sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti hökümet maslahatyny geçirdi. Onda halk hojalygynyň pudaklarynyň işiniň sekiz aýlyk jemlerine seredildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

8 aýda söwda dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 116%, ilata edilýän tölegli hyzmatlar 15% gowrak, ýolagçy gatnatmak 14% gowrak, ähli çeşmelerden gelýän inwestisiýalaryň özleşdirilişi 34% ösdi.

Maslahatda ykdysadyýetiniň güýçli depginde ösýändigi bellendi. Prezident wise-premýer M.Ýazmuhamedowa, Medeniýet we teleradiogepleşikler ministri G.Myradowa, TDH gullugynyň başlygy Amansaryýewe ýörite döredijilik toparyny döretmek barada görkezme berdi. Şol topara teleoperatorlar, fotokorrespondentler we žurnalistler girip, olar ähli welaýatlara barmaly we uly möçberli täzeleniş prosesini açyp görkezýän many-mazmunly, täsirli gepleşikler taýýrlamaly.

Maslahatyň soňunda oňa gatnaşyjylar prezidenti ýetip gelýän energetika senagatynyň işgärleriniň güni bilen gutladylar hem oňa gül desselerini gowşurdylar diýlip, teswirlemede ýazylypdyr.
XS
SM
MD
LG