Sepleriň elýeterliligi

HRW owgan saýlawlaryny howp astynda hasaplaýar


Owganystanda 18-nji sentýabra bellenen parlament saýlawlarynyň howp astyndadygyny adam hukuklaryny goraýan halkara Human Rights Watch guramasy aýdýar.

Guramanyň eksperti Reýçel Ridiň beýannamasynda “talyplaryň hüjümleri hem saýlawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek barada häkimiýetleriň berýän wadalaryna ilatyň ynamsyzlygy sebäpli saýlawlaryň başa barmazlygy mümkin” diýilýär.

Mundan öň owgan häkimiýetleri Nangarhar welaýatynda ýagdaýyň ýaramazlaşýandygy üçin 458 saýlaw uçastogyndan 81-siniň ýapyljakdygyny habar beripdi.

Ondan öň şol sebäp esasynda tutuş ýurt boýunça 900 gowrak saýlaw uçastogynyň açylmajakdygy aýdylypdy.
XS
SM
MD
LG