Sepleriň elýeterliligi

Germaniýada Federal bankynyň agzasy dynç alşa gitdi


Germaniýanyň Federal bankynyň dolandyryş agzasy, ýakynda “Germaniýa öz-özüni ýok edýär” atly kitabyny çap etdiren Tilo Sarrasin meýletin dynç alşa gidýändigini yglan etdi. Kitap syýasy goh döretdi.

Sarrasin kitabynda musulman döwletlerinden gelýän immigrantlaryň Germaniýanyň ýerli ilatynyň bähbitlerine howp salýandygyny ýazýar.

Ýurduň esasy syýasy güýçleri, şol sanda kansler Angele Merkel hem Tilo Sarrisiniň kärdeşleri kitaby hem onuň awtoryny tankytladylar.

Mundan öň Federal bankyň dolandyryşy ony öz düzüminden çykarmak haýyşy bilen Germaniýanyň prezidenti Kristian Wulffa ýüz tutupdy.
XS
SM
MD
LG