Sepleriň elýeterliligi

Eýranda amerikan graždany azatlyga çykarylar


Ýanynda başga-da iki amerikaly bilen geçen ýyl tussag edilen amerikan graždanyny hepdäniň şenbe güni boşatjakdygyny eýran häkimiýetleri aýdýar.

Sara Şurdyň tiz wagtdan azatlyga çykaryljakdygyny Eýranyň Medeniýet ministrliginiň wekili hem Nýu-Ýorkda BMG-niň ýanyndaky eýran missiýasynyň agzasy aýtdy.

Üç amerikaly ýurduň territoriýasyna bikanun aralaşmakda aýyplanyp, ýurduň demirgazygynda saklanypdy. Ondan soň Eýran häkimiýetleri içalyçylykda aýyplanyp, olaryň sud ediljekdigini habar berdi.

Saklananlar eýran serhedinden tötänlikde geçendiklerini aýdýarlar.

Saklanan islendik amerikalynyň azatlyga çykarylmagy “ajaýyp täzelik bolar” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti graždanlaryň üçüsini-de boşatmak çagyryşy bilen ýene-de Tährana ýüzlendi.
XS
SM
MD
LG