Sepleriň elýeterliligi

Floridaly pastor Gurhan ýakyşlyk planyny togtadýar


Floridada bir ybadathananyň pastory Terry Jones

Floridada bir ybadathananyň pastory Terry Jones

Gurhany ýakmak baradaky plany halkara derejesinde protestlere getiren hristian ruhanysy indi bu plany häzirlikçe togtadandygyny aýdýar.

Floridada bir kiçijik ybadathananyň pastory Terry Jones penşenbe güni 11-nji sentýabrda Gurhany ýakmak planyny ýatyrandygyny aýdypdy. Onuň 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Amerikanyň üstüne edilen terrorçylykly hüjümleriň 9-njy ýyl dönümine niýelenen bu işini prezident Barak Obama “Al-Kaýda ýaly terroristik toparlara tüýs gerek zat” diýip ýazgardy.

Şübheli beýanat

Jones metbugat konferensiýasynda özüniň bu plany ýatyrýanlygyny, sebäbi bu hüjümiň bolan ýerine golaý bir ýerde Yslam medeniýet merkezini gurmak baradaky jedelli proýektiň baştutanynyň bu proýekti başga bir ýere geçirmek bilen ylalaşandygyny aýtdy.

“Men şenbe güni ymam bilen terroristik hüjümiň bolan ýerinde duşuşmak üçin Nýu Ýorka uçýaryn. Ol gurluşygy başga bir ýere geçirmek bilen ylalaşdy. Bu bir gijäniň içinde boljak zat däl. Ýöne ol muňa razylyk berdi. Onsoň biz muňa Hudaýyň bu işi etmegimizi isleýändiginiň alamaty diýip düşündik. Amerikan halky ol ýerde metjidiň bolmagyny islänok. Musulmanlar hem biziň Gurhany ýakmagymyzy islänok” diýip, Jones bu hakda gürrüň berdi.

Ýöne onuň bu aýdanlaryna şol bada şübhelenilip ugraldy. Sebäbi Nýu Ýorkdaky proýekte ýolbaşçylyk edýän ymam Feýsel Abdul Rauf özüniň proýektiň ýerini üýtgetmek bilen ylalaşandygyny inkär etdi. Şondan soň Jones özüni bir floridaly ymamyň aldawa salandygyny aýdyp, musulmanlaryň keramatly kitabyny ýakmak barada täzeden oýlanjakdygyny bildirdi. Ol “NBC” telewideniýesine beren interwýusynda: “Biz bu plany edil şu wagt ýatyramzok, ony diňe wagtlaýyn togtatdyk” diýdi.

Bütin dünýäde ýazgardylar

Jonesiň Gurhany ýakmak baradaky planyny bütin dünýäde syýasy we dini ýolbaşçylar ýazgardylar. Pentagonyň aýtmagyna görä, goranmak ministri Robert Geýts pastor Jonese jaň edip, bu işi etmezligi sorapdyr. Prezident Barak Obama hem bu ruhanynyň planlaryny “weýrançylykly” diýip atlandyryp, “Bu iş Owganystan we Pakistan ýaly ýurtlarda dartgynlylyk oduny ölçerer” diýdi.

“Pastor Terry Jones şu wagt diňleýän bolsa, öz niýetiniň amerikan gymmatlyklaryna bütinleý tersdigine düşünýändir diýip, umyt edýärin. Bu ýurt dini erkinlik we başga dinlere çydamlylyk ideýalaryna esaslanýar” diýip, Obama nygtady.

Ilatynyň aglaba köplügi musulmanlar bolan Indoneziýa we Malaýziýa ýaly ýurtlar, şeýle hem Hindistan Jonesiň öňüni bökdemegi haýyş edip, Obama ýüz tutdular.

Jonesiň ybadathanasy barada bilinýän zat köp däl. Onuň beýleki dini guramalar bilen resmi ilteşigi ýok. Yzyna eýerýänleriň sany hem elliden geçenok.
XS
SM
MD
LG