Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýer bol, emma mellek gyt


Ýurduň iň gür ilatly Mary welaýatyndan gelip gowşan habarlara görä, Türkmenistanda ilaty mellek ýerleri bilen üpjün etmek meselesi häkimiýet çalşandan soň hem ýitiligine galýar.

Bu problemanyň mellek ýerleriniň, jaýlaryň bahalarynyň gymmatlamagy, täze gurluşyk proýektleri ýa dürli bahanlar esasynda jaýlaryň ýykylmagy bilen has-da çynlakaý häsiýete eýe bolýandygyny aýdýarlar. Ýogsam bolmasa, prezident G.Berdimuhamedow prezidentlige kandidatlyk wadalarynda ilata ýer bermek, maşgalalary jaý bilen üpjün etmek meselelerini hem gozgapdy.

Türkmenistanyň Ýer hakyndaky kodeksiniň 25-nji maddasynda bolsa «Daýhan birleşikleriniň agzalarynyň maşgalalaryna, beýleki oba hojalyk we tokaý hojalyk kärhanalarynyň işgärlerine, şol sanda oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş hyzmatlary bilen bagly lukmanlara, mugallymlara we başga hünärli işgärlere…hususy eýeçilik hökmünde, jaý salynmak we hususy kömekçi hojalygy dolandyrmak üçin, satmazlyk, peşgeş bermezlik, çalyşmazlyk hem girewe goýmazlyk şerti bilen ýerli ýagdaýa görä 16 sotka ýer uçastogy berilýär» diýilýär.

Azatlyk Radiosyna ýerli ilatdan gelip gowuşýan habarlarda hojalyklaryň kanun esasynda mellek almak üçin beren arzalarynyň ýokardan girizilen gizlin gadaganlyk esasynda kanagatlandyrylmaýanlygyndan nägilelik bildirilýär. Şeýle-de raýatlar bu meselede ýerli häkimiýetleriň ygtyýarynyň ýokdugyny, olary muny mellek sorap gelen, arza beren adamlara göni aýdýandyklaryny gürrüň berýärler.

Şu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Annagözel bilen söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG