Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda protest demonstrasiýalary geçirildi


10-njy sentýabrda Owganystanyň dürli künjeklerinde Gurhany ýakmak çäresine garşy protestler geçirildi.

Ýerli polisiýanyň beren maglumatlarynda Badahşan regionynda geçirilen protestlerde 3 adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Protestçiler NATO-nyň Germaniýadan gelen goşunlaryny daşlap başlanynda howpsuzlygy üpjün edýän güýçler demonstrantlara ot açdy diýlip, habar berildi. Tassyklanmadyk habara görä, protestçileriň biri heläk bolupdyr.

Owganystanyň beýleki welaýatlarynda hem protestleriň geçirilendigi habar berildi.

Dünýa jemgyýetçiligi ABŞ-nyň Florida ştatyndaky bir hristian ybadathanasynyň 11-nji sentýabr hüjüminiň ýyl dönümine gabatlap Gurhan ýakmak aksiýasyny geçirjekdigini yglan etmegini ýiti ýazgardy.

Bu ybadathananyň pastory Terri Jones bu çäräniň gaýra goýulýandygyny, ýöne ony geçirmekden özleriniň el çekmeýändigini mälim etdi.

10-njy sentýabrda prezident Barak Obama hem bu çäräniň geçirilmegini ýatyrmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG