Sepleriň elýeterliligi

Kosowo bilen bagly rezolýusiýa kabul edildi


BMG-niň Baş assambleýasy Kosowo bilen bagly rezolýusiýany kabul etdi. Onda BMG Serbiýa bilen Kosowanyň liderlerini gepleşiklere çagyrýar.

BMG-niň goldamagynda geçirilmeli bu gepleşikler 1999-njy ýylda Serbiýa Kosowanyň gözegçiligini elden gidirenden soňky ilkinji gepleşikler bolar diýlip garaşylýar. Bu rezolýusiýa 9-njy sentýabrda ses berişlik geçirilmän kabul edildi.

Emma Serbiýanyň daşary işler ministri Wuk Jeremik bu mesele bilen bagly eden çykyşynda rezolýusiýanyň makullanmagynyň öz ýurdunyň Kosowanyň ykrar etmegini aňlatjakdygyny belledi.
XS
SM
MD
LG