Sepleriň elýeterliligi

Wladikawkazda ýüzlerçe ýaşlar demonstrasiýa geçirdiler


Şu gün Orsýetiň Demirgazyk Osetiýa regionynyň paýtagty Wladikawkaz şäherinde şu hepdäniň penşenbe güni amala aşyrylan terror hüjümine garşy protest bildirip, ýüzlerçe ýaşlar demonstrasiýa geçirdi.

Bu gürrüňi edilýän hüjümde, Orsýetiň resmi mediýasynyň maglumatyna görä, 19 adam ölüp, 100-den gowrak adam hem ýaralanypdyr.

Bu ganly hüjümi ýazgaryp demonstrasiýa geçiren protestçiler regionyň milisiýasyny hem raýatlaryň howpsuzlygyny talabalaýyk goramaýanlykda tankytladylar. Olar ýerli milisiýanyň ýolbaşçylarynyň wezipelerinden çekilmeklerine çagyryş etdiler.
XS
SM
MD
LG