Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik-owgan serhedinde 20 töweregi söweşiji öldürildi


Täjigistanyň hökümet resmileri bu ýurduň Owganystan bilen serhet ýakasynda ýüz beren çaknyşykda azyndan 20 töweregi yslamçy ýaragly söweşijiniň öldürilendigini mälim etdiler.

Resmileriň tassyklamaklaryna görä, bir serhetçiniň hem ölümine getiren bu çaknyşyk şu hepdäniň çarşenbe gününden penşenbe gününe geçilýän gije ýüz beripdir.

Täjigistanyň Döwlet serhet gullugynyň metbugat sekretary polkownik Huşnud Rahmatullaýew ýurduň serhedinden geçmäge synanyşan bu ýaragly söweşijileriň Owganystandaky hökümete garşy hereket edýän yslamçy ýaragly söweşijilerdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG