Sepleriň elýeterliligi

TOPH gaz geçirijisi boýunça gepleşikler geçiriler


Türkmenistanyň resmi habar agentligi ýakyn wagtlarda Aşgabatda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk proýektine gatnaşyjy ýurtlaryň gatnaşmagynda ýörite gepleşikleriň geçiriljekdigini mälim etdi.

Resmi maglumata görä, bu TAPI proýektine gatnaşýan ýurtlaryň ekspertler toparynyň işewür maslahaty Aşgabatda şu ýylyň 18-19-njy sentýabrynda geçer.

Onuň yzyýany bolsa, 20-nji sentýabrda TAPI proýektiniň ýolbaşçy komitetiniň maslahaty geçiriler. Oňa TAPI proýektine gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri bilen birlikde Aziýa ösüş bankynyň wekilleriniň hem gatnaşjakdygy habar berilýär.

Maglumata görä, bu maslahatlarda TAPI gaz geçirijisi boýunça ylalaşyklaryň taslamalary kabul ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG