Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanly okuwçylar gowaça atyzlarynda


7-nji sentýabrdan Özbegistanyň Syrderýa welaýatynyň etraplarynda käbir orta mekdepleriň ýokary klas okuwçylary pagta ýygymyna iberildiler. Özbegistanyň kollejleriniň okuwçylary bolsa bireýýäm gowaça atyzlarynda pagta ýygyp ýörler.

Diýmek, resmi Daşkendiň çagalar zähmetine garşy kabul eden dokumentleri üstümizdäki ýyl hem pagta möwsüminde çagalaryň ekspluatasiýasyny togtadyp bilmez.

Syrderýanyň käbir etraplarynda 7-nji sentýabrdan orta mekdepleriň ýokary klas okuwçylary pagta ýygymyna çykaryldy. Bu hakda «Ýezgulik» jemgyýetiniň Syrderýa bolüminiň başlygy Ysraýyl Rizaýew aýtdy. Onuň sözlerine görä, orta mekdeplerde 7-9-njy klas okuwçylary pagta kowlupdyrlar.

“Emma häzirlikçe olar ýatymlaýyn gitmändirler. Ýaşaýan ýerlerine ýakyn meýdanlarda pagta ýygýarlar. Aýyt baýramyndan soň, okuwçylary uzakdaky atyzlara ýatymlaýyn alyp gitmek planlaşdyrylýar. Welaýat häkimliginiň maslahatynda şeýle görkezme berlipdir”

7-nji sentýabr güni Syrderýadaky «Şirin» energetika kollejiniň okuwçylary-da pagta ýygymyna çykaryldylar. Bu hakda kollejiň işgäri aýtdy: “Şu gün okuwçylarymyz pagta gitdi. Häzir hemmesi gowaça atyzlarynda. Pagta ýygymy başlandy”.

Maglumatlara görä, Garagalpagystanda okuwçylar sentýabryň başynda pagta iberilipdirler. Garagalpagystanyň Hojili oba-hojalyk kollejiniň işgäriniň sözlerine görä, şol kollejiň okuwçylary 3-nji sentýabrdan pagta ýygymyna ýollanypdyrlar.

Buhara welaýatynyň «Žondor» Senagat kollejiniň işgäri hem kolljiň 850 okuwçysynyň pagta ýygymyna gitmäge taýýar bolup durandyklaryny aýtdy. “Biziň ýaşajak ýerlerimiz gowy. Ähli zerur şertler döredilen. Emma bize haçan ýygyma çykjakdygymyz anyk aýdylmady. Bizi 25 günlük ýa-da bir aýlyk alyp giderler”.

Halkara jemgyýetçiligi tankytlaýar

2008-nji ýylda ABŞ we Ýewropanyň uly şirketleri Özbegistanyň pagtasyny boýkot edenden soň, Özbegistanyň hökümeti BMG-niň çagalaryň mejbury zähmetine garşy konwensiýasyny kabul edipdi. Emma bu dokument 2009-njy ýylda hem özbek çagalarynyň pagta meýdanlarynda mejbury pagta ýygymyna çykarylmagyna böwet bolup bilmedi.

Özbek çagalarynyň hukuklary üçin goreşýän Berlindäki Özbegistan-Germaniýa forumynyň başlygy Umida Niýazowa bu ýagdaýy tankytlaýar. “Halkara guramalaryň tankydy bilen Özbegistanda mejbury çaga zähmetini ýatyryp bilmeris. Mejbury zähmet bilen bagly Özbegistanyň hökümeti mydam öz strategiýasyny goldaýar. Ýagny, Özbegistan özüniň adam hukuklaryny bozýandygyny umuman inkär edýär, halkara derejesinde muny boýun alanok”.

Umida Niýazowanyň aýtmagyna görä, Özbegistana öz içine halkara guramalary goýbermezlik hem-de tankyt edýän ýerli aktiwistleri ýalançylykda aýyplamak mahsus. “Özbegistanyň çagalary hakda halkara guramalar däl-de, ýokary wezipeliler hem ene-atalar alada etmeli. Haçanda ene-atalar öz çagalarynyň saglygyny, geljegini alada etseler, şonda ýagdaý üýtgemegi mümkin” diýip, Umida Niýazowa aýtdy.

Üstumizdäki ýyl Özbegistanda pagta hasylynyň öňkülerden köpräk boljakdygyny aýdýan fermerler çaga zähmetinden peýdalanman, hasyly wagtynda ýygyp bolmajakdygyny boýun alýarlar.
XS
SM
MD
LG