Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täze döredijilik topary näme döreder?


Türkmen döwlet habarlar gullugynyň başlygy B.Amansaryýew (çepde) we Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri G.Myradow

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň başlygy B.Amansaryýew (çepde) we Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri G.Myradow

Türkmenistanyň prezidenti 9-njy sentýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Ýazmuhammedowa, Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri G.Myradowa, Türkmen döwlet habarlar gullugynyň başlygy B.Amansaryýewe aýratyn bir döredijilik toparyny döretmegi tabşyrdy.

Täze dörediljek toparyň düzümine teleoperatorlar, fotohabarçylar, žurnalistler girmeli. Ol topar Türkmenistanyň ähli welaýatlaryna aýlanyp, ýerlerde häzirki döwürde alnyp barylýan işler barada, şonuň ýaly-da, şäherlere, uly obalara baryp, soňky döwürde gurlan, ýakynda gurluşygy başlanan desgalar barada täsirli gepleşikler taýýarlamaly. Taýýarlanan gepleşikler bolsa köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmeli.

Ozalky öwgüler kemter görülýärmi?

Öz elinde hemmetaraplaýyn kontrol edilýän äpet bir media mehanizmini saklap otyrka, ýurduň hökümetiniň täze bir döredijilik toparyny döretmek barada karara gelmegi köpleri haýran galdyrdy. Sebäbi täze toparyň amala aşyrmaly işleri ýurduň media wekilleriniň şu wagtky ýerine ýetirip ýören işlerinden tapawutlanmaýar.

Wise-premýer M.Ýazmuhammedowa
Häzirki wagtda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurtda bolup geçýän iň bir kiçijik wakanyň-da mahabaty ýetirilip durulýar. Çişirilip ýazylan öwgüli makalalar, gepleşikler ilat köpçüligine yzygiderli ýetirilip durulýar. Hatda etrap merkezinde gurluşygy başlanan çagalar bagynyň ilkinji kerpijiniň goýluşyndan tä onuň ulanylmaga berlişine çenli yzygiderli gepleşikler mahabatlandyrylyp, mediada berlip durulýar.

Ýurduň radio-telewideniýesinde, metbugatynda ýönekeýje problemalar barada hem dil ýarylman, diňe ähli zatlaryň gülala-güllükdigi baradaky habarlar taýýarlanylýar. Eger-de şunuň ýaly mahabatly, öwgüli habarlaryň berlip durlandygyna garamazdan, ýene-de bir täze döredijilik toparyny döretmegiň kül-külüne düşülen bolsa, onda mediadaky bu öwhä-öwlügiň resmiler üçin azlyk edýändiginiň bir nyşany bolup durýar diýip, ýerli intelligensiýa wekilleri hasap edýärler.

Söz azatlygy bolmasa

Öňler Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginiň ýanynda propaganda býurosy hereket edýärdi. Döredijilik işgärleri şol topara goşulyp, obalara, şäherlere, kolhozlara, sowhozlara, zawod-fabriklere aýlanyp, ýönekeý adamlar bilen duşuşyk geçirip, özleriniň täze ýazan goşgularyny olara okap bererdiler, döredijilik planlary barada gürrüň bererdiler. Şol komandirowkalardan soň olar problemalaýyn ýol ýazgylaryny çap ederdiler. Şeýle ýazgylar çap bolandan soň, şol problemalaryň degişli çözgüdini tapýan halaty az bolmaýardy. Sebäbi ol döwürler ýazyjylardyr, žurnalistler ilat arasynda uly abraýdan peýdalanýardylar.

Synçylaryň garaýşyça, döredijilik intelligensiýasynyň ilat arasyndaky ozalky abraýyny ýene yzyna dolap getirmek juda bir kyn iş hem däldir. “Munuň üçin Žurnalistler birleşiginiň, Ýazyjylar birleşigininiň dikeldilmegi zerur. Senzuranyň mäkäm penjesini gowşadylamgy zerur” diýip, ýerli medeniýet işgärleri nygtaýar.

Nyýazowyň döwründen bäri dowam edýän mediadaky çäklendirmeler döredijilik işgärlerine hiç bir erkin döretmäge mümkinçilik bermeýär. Şonuň üçin mediada diňe ýöntem gepleşikler taýýarlanylýar. Eger köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döredijilige bolan çäklendirmeler dowam etse, onda dörediljek täze toparyň hem hiç bir täze zady döredip bilmejegi çak edilýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG