Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türk saýlawçylary Konstitusiýa üýtgetme girizmegiň tarapdary


Türkiýäniň galkynyş we ösüş partiýasynyň Konstitusiýa üýtgetme girizmek baradaky teklibini türk saýlawçylary referendumda goldadylar.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan sesleriň deslapky sanawyna salgylanmak bilen, referenduma gatnaşan türk graždanlarynyň 58 prosentiniň teklibi goldap ses berendigini aýtdy.

Esasy kanuna üýtgetmeler sud sistemasynyň işini we goşunyň roluny çäklendirmegi göz öňünde tutýar.

Häkimiet başyndaky partiýanyň liderleri üýtgetmeleriň kabul edilmegi Türkiýäniň Ýewrobileleşige kabul edilmegini tizleşdirer diýen pikirde. Oppozisiýa üýtgetmelere garşy ses bermäge çagyryş etdi.

Ýewrobileleşik referendumyň netijelerini gutlady. ÝB-niň giňelmegi meselesine jogapkär, Bileleşigiň resmisi Ştefan Fýule türk graždanlaryň aglabasynyň Konstitusiýa üýtgetmeler girizmäge tarapdar bolup ses bermegini dogry ugra tarap ädim atlandyrdy.

Türkiýäniň häzirki Konstitusiýasy harby agdarylyşykdan soň, 1980-nji ýyllaryň başynda kabul edilipdi.
XS
SM
MD
LG