Sepleriň elýeterliligi

Yrakda “tussaglaryň hukuklary köpçülikleýin bozulýar”


Yrakda tussaglaryň hukuklary köpçülikleýin bozulýar diýlip, adam hukuklarynyny goraýan Amnesty International guramasynyň ýaňy çap edilen hasabatynda bellenýär.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň maglumatyna görä, tussaglaryň köpüsi ençeme ýyllap türmede suda garaşýarlar, olar gynamalara sezewar edilýärler.

Tussagdakylaryň aglaba bölegi sünnüler bolup, olar söweşijilere ýardam etmekde ýa terroristik toparlara gatnaşykda güman edilýärler.
XS
SM
MD
LG