Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda ýörite operasiýa ertire galdyryldy


Dagystanyň Komsomolsk obasynda ýörite operasiýa ertire galdyryldy.

Düýn bu obadaky öýleriň birinde söweşijiler topary anyklandy. Atyşykda olaryň ikisi öldürildi. Uçünjisi garşylygy dowam etdirýär.

Ýörite gulluklaryň iki işgäri heläk boldy. Ekstremistler bilen gepleşiklerde araçy bolmak islän oba arçyny Hwarzat Şaripow hem heläk boldy.

Bazar güni Mahaçgalada geçirilen ýörite operasiýada sekiz söweşiji öldürildi.
XS
SM
MD
LG