Sepleriň elýeterliligi

Amerikan graždanynyň azatlyga çykmagyna garaşylýar


ABŞ-nyň graždany Sara Şurduň azatlyga çykmak mümkinçiligi bilen bagly Ak Tam optimizm bildirdi.

Şol bir wagtda-da, ABŞ-nyň prezidentiniň geňeşçisi Deýwid Akselrodyň sözelerine görä, azat etmek işi ahyrky pursat puja çykypdyr.

Düýn eýran häkimiýetleri 500 müň dollar girew bilen amerikalyny boşatmaga taýýardygyny aýdypdy.

Sara Şurd we ýene iki amerikaly geçen ýyl Yrak bilen serhetde tussag edilipdi, bikanun Eýran serhedini kesentlikde we içalyçylykda günä bildirilipdi.

Waşington günäni esassyz hasaplaýar.
XS
SM
MD
LG