Sepleriň elýeterliligi

Myhmanhanalaryň hyzmaty elýeterlimi?


Iýun aýynyň ahyrynda Türkmenistanda “Turizm barada” täze kanun kabul edildi we ol metbugatda çap edilen gününden beýläk güýje girdi.

Soňky döwürde Türkmenistanda turizmi ösdürmek üçin köp tagalla edilýändigi barada ýerli metbugatda yzygiderli habar berilýär. Turizm barada täze kanunyň kabul edilmegi bu ulgamyň mundan beýläk çynlakaý ösmegine ýardam berer diýlip, türkmen metbugaty ýazýar.

Awazanyň “Grand Türkmen”, “Hazyna Hotel” ýa-da “Watançy” atly bäş ýyldyzly myhmanhanalarynda dokuz gün dynç almak isleýän da;ary ýurtly myhmanlar diňe myhmanhanada ýaşany we üç gezek iýmitleneni üçin – ýol kireýinden daşgary – takmynan 1600 dollara barabar pul tölemeli.

Munuň bilen birlikde, Awazadaky myhmanhanalaryň hyzmatlarynyň bahasy türkmenistanlylaryň aglabasy üçin elýeterli bolmazlygynda galýar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa ýerli zenan bilen söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG