Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we ÝB Türkiýäni gutlaýar


Premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan netijeleri gutlap: “Ýeňiş gazanan türk demokratiýasy” diýdi.
Premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan netijeleri gutlap: “Ýeňiş gazanan türk demokratiýasy” diýdi.

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Türkiýede harbylar döwründen galan Baş kanuna üýtgetme girizmek baradaky referendumyň netijelerini gutladylar. Referendumyň gutarnykly netijeleri duşenbe güni bildiriler diýlip garaşylýar.

Referenduma ses bermäge hukukly ilatyň 77 prosenti gatnaşdy. Teklip edilen düzedişleri oňlap ses berenler 58 prosent töweregi diýilýär.

Premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan netijeleri gutlap: “Ýeňiş gazanan türk demokratiýasy” diýdi. Ol: “Referendumdan ‘HAWA’ diýip çykan netije halkyň demokratiýany küýsemeginiň netijesi. “Adalat we Galkynyş” partiýasy tarapyndan men muňa ýütgetme we demokratik prosesiň tutuş ýurtda goldanylmagy diýip garaýaryn” diýýär.

Oppozision partiýalar bolsa: “Erdogan bilen onuň yslamçylyga esaslanýan “Adalat we Galkynyş” partiýasy şeýdip, häkimiýete ýapyşyp, ýurdy däp boýunça ýöreýän dünýewilik ýolundan çykarmaga synanyşýar” diýýärler.

Ak Tam prezident Barak Obamanyň Erdogana jaň edip, referendumyň netijeleri bilen gutlandygyny aýtdy. Ýewropa Bileleşiginiň Giňeme baradaky komissary Ştefan Fýule hem öz beýanatynda: “Referendum dogry ugra tarap ädilen ädim” diýdi. Ol soňra-da: “Ýöne söz erkinligi we din erkinligi ýaly esasy hukuklarda entek edilmedik reformalaryň edilmegi-de zerur” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Guido Westewelle referendumda gazanylan üstünligi gutlady. Ol: “Baş kanunyň reformirlenmegi Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agzalyk baradaky arzasynyň geljegi üçin gaty möhümdi” diýdi.

Häzirki Konstitusiýa 30 ýyl mundan ozal, 1980-nji ýylyň 12-sentýabrynda häkimiýeti ele alan harbylar tarapyndan işlenilip düzülipdi.

Erdogan: “Bu sene indi oňaýly bir sene bolup galar” diýýär: “12-nji sentýabr türk demokratiýasynda bir öwrülişik nokady bolup, taryha girer. Şonuň üçin siz hemişe ýatlanarsyňyz, biz hemişe ýatlanarys. 12-nji sentýabr, döwlet agdarylyşygy bilen garalanan bu sene, bu referendum, demokratiýa ugrunda ädilen bu ädim we oňaýsyzlykdan dynmak bilen ýalkymly sahypa öwrüldi”.

Baş kanun üçin göz öňünde tutulan düzedişlerden maksat Türkiýäni Ýewropa Bileleşigi bilen bir sapaga düzmek. Düzedişleriň özenini emele getirýän özgerişler – Türkiýäniň dünýewi syýasy düzgüniniň bir diregi hasaplanýan sud sistemasyny reformirlemek. Referendumda teklip edilen üýtgetmeleriň esasynda ýurduň dünýewi döwletdigini kepillendirýän goşunyň täsiri çäklendirilýär.
XS
SM
MD
LG