Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Şir-Kebir metjidiniň açylyşy bellendi


ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy we türkmen hökümeti 11-nji sentýabrda ýakynda dikeldiş işleri tamamlanan Şir-Kebir (Maşat ata) metjidiniň resmi açylyş dabarasyny belledi.

Dehistan arheologiýa seýilgähinde ýerleşen Şir-Kebir Türkmenistandaky iň gadymy metjitdir. Dokuzynjy asyra degişli bolan metjidiň dikeldiş we gorag işlerine Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň pul kömegi, «Ilçiniň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasy» maksatnamasynyň granty esasynda ýardam edilipdir.

Birleşen Ştatlar Türkmenistanda geçen sekiz ýylyň dowamynda taryhy taýdan möhüm medeni ýadygärlikleri we obýektleri gorap saklamak boýunça bahasy 230 müň dollardan gowrak bolan 11 taslamany goldady.
XS
SM
MD
LG