Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk topary yrak tussaglarynyň gynalýandygyny aýdýar


Yrak türmelerindäki bendiler giň ýaýran sütemkärlik bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Amnesty International özüniň täze hasabatynda yraklylaryň sud edilýänçäler ýyllap türmede oturýandyklaryny we giň ýaýran gynama hem sütem bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny, emma öz maşgalalary bilen duşuşmak we kanuny kömek almak meselesinde kynçylyk çekýändiklerini aýdýar.

Yrak hökümetiniň resmileri bu hasabata indi jogap bermeli. Amnesty International tussaglaryň köpüsiniň pitneçilige kömek etmekde güman edilýän sünnilerdigini aýdýar.

Şeýle-de ol ýerde anti-amerikan ruhany Muktada al-Sadryň ýolbaşçylygyndaky bikanun milisiýanyň, Mähdi goşunynyň agzasy bolmakda aýyplanan ýüzlerçe şaýy bar.
XS
SM
MD
LG