Sepleriň elýeterliligi

Halkara Adalat sudy rus-gürji dawasyna seretmäge başalýar


Halkara Adalat sudy şu gün Gürjüstanyň Orsýetden eden şikaýatyna seretmäge başlady.

Tbilisi 2008-nji ýylyň awgustynda Moskwanyň üstünden Halkara suduna arza berdi. Ol arzada Orsýetiň Abhaziýa we Günorta Osetiýa Tbilisiniň kontrolundan aýrylaly bäri jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşini ýok etmek boýunça halkara konwensiýasynyň düzgünlerini bozýandygy aýdylýar.

Gürjüstan bu arzany 2008-nji ýylyň awgustynda, Günorta Osetiýanyň üstünde bolan gysga wagtlyk urşuň yz ýany berdi, emma ol bu işiň konflikt bilen ilteşiklidigini inkär edýär.

Ýöne Orsýetiň wekili Kril Geworgýan şu gün sudda eden çykyşynda bu arzanyň halkara konwensiýasy babatda däl-de, uruş baradadygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG