Sepleriň elýeterliligi

Eýranly aktiwist girew esasynda azat edildi


Hudaýa garşy gitmekde aýyplanan eýranly hukuk aktiwisti we žurnalist Şiwa Nazar-Ahari ýekşenbe güni, 500 müň dollar çemesi girew goýandan soň azat edildi. Onuň jezasy ölümdi.

Şeýle-de onuň Halk mujahetdinleri guramasy bilen ilteşiklilikde aýyplanandygy aýdylýar. Ahari bu aýyplamalary ret edýär.

Ol ilki Eýranyň 2009-njy ýylyň iýunynda bolan dawaly prezident saýlawlaryndan soň tutuldy. Soň ol dissident ruhany Aýatolla Nosseýin Ali Montazariniň ölüminden soň dörän protestler bilen bagly gaýtadan tussag edildi.

Kaleme.com atly oppozisiýa saýty Ahariniň 100 günden gowrak ýeke adamlyk kamerada saklanandygyny ýazýar.
XS
SM
MD
LG