Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG-niň baş hukukçysy dünýä güýçlerini tankytlaýar


BMG-niň adam hukuklary boýunça başlygy Neýwi Pilleý şu gün adam hukuklarynyň basgylanýanlygy üçin Orsýeti, Azerbeýjany, Eýrany, Birleşen Ştatlary we beýleki günbatar ýurtlaryny tankyt etdi.

Neýwi Pilleý BMG-niň 47 agzaly Adam hukuklary geňeşine ýüzlenmesinde Orsýetiň we Azerbeýjanyň hukuk goraýjylara kast edenleri jogapkärçilige çekmede ýeterlik iş etmändigini aýtdy.

Şeýle-de ol Eýrany, Yragy we Somalini asuda dissidentlere, hukuk goraýjylara, aklawçylara we metbugat wekillerine zorlukly hüjüm etmekde günäledi.

BMG-niň baş hukukçysy Fransiýanyň syganlary ýurtdan kowmasyny tankytlady.

Neýwi Pilleý Birleşen Ştatlary öz raýatlaryny terror guramalary bilen ilteşiklilikde güman edip gözegçilige alýan programmasyny duruzmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG