Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ÝB wizasyz syýahaty bökdeýär diýýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow şu gün «ÝB Orsýet bilen wizasyz syýahat düzgünine geçmekden çeke durýar» diýdi.

Ol «bu biziň gatnaşyklarymyzy ösdürmegimizde eýýämden ýeterlik kynçylyk döredýär» diýip sözüniň üstüne goşdy.

ÝB-niň käbir agzalary Orsýet bilen wiza ýatyrylsa, bu ýagdaý Orsýetden bikanun emigrantlaryň çozmagyna getirer diýip alada bildirýär.

Başga bir tarapdan, Dünýä Syýahat guramasynyň aýtmagyna görä, orsýetliler 2009-njy ýylda 20,8 milliard dollar sowup, halkara syýahatynda iň kän pul sowujylaryň arasynda 9-njy ýere düşdi.
XS
SM
MD
LG