Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dokumental film Moskwanyň merini nyşana alýar


Şu çaka çenli Lužkow Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň ýakyn dosty hökmünde tanalyp gelinýär.
Şu çaka çenli Lužkow Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň ýakyn dosty hökmünde tanalyp gelinýär.

Soňky wagtlar syýasy arenada kem-kem güýçlenýän garşylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup başlan Ýuriý Lužkow üçin geçen hepdäniň anna güni görkezilen dokumental film uly bir syýasy urgy hökmünde alamatlandy.

Döwlet eýeçiligindäki telekanalda görkezilen bu filmde Moskwanyň meri Ýuriý Lužkow döwlet emläginden hyýanatçylykly peýdalanmak we wezipesini talabalaýyk berjaý etmezlik ýaly işlerde aýyplanyldy.

Telewizion programmalaryň in bir tomaşa edilýän wagty NTW döwlet telewideniýesinde görkezilen bu film emri güýçli Ýuriý Lužkowa garşy edilen görlüp-eşidilmedik media hüjümi boldy.

Bu waka indi 1992-nji ýyldan bäri Orsýetiň paýtagtyna merlik edip gelýän Lužkowyň geljek ýylyň iýunynda nobatdaky wezipe möhleti tamamlanmanka, ony wezipesinden gidermek üçin görülýän bir çäre hökmünde kabul edildi.

Film kepka papak geýmegi halaýan Lužkowyň bu endigine ýanalyp «Kepkaly işler» diýlip atlandyrylypdyr. Onda diňe bir Lužkowa garşy däl, eýsem onuň biznesmen aýaly Ýelena Baturina garşy hem uly gerimde edilen korrupsiýa aýyplamalary bildirilýär.

Korrupsiýa aýyplamalary

Tankytçylar indi köp wagtlardan bäri Ýuriý Lužkowy özüne maliýe bähbitleri getiräýjek kompaniýalary tenderlerde ýeňiji edip, olaryň öz aýaly Baturinanyň «Inteko» gurluşyk kompaniýasy bilen ylalaşyk baglaşmaklaryna ýardam edip gelýänlikde tankytlap gelýärler.

«Forbes» žurnaly Ýelena Baturinany dünýäde iň baý biznesmen aýallaryň arasynda üçünji orunda goýýar we onuň maliýe emläginiň tas 3 milliard dollara golaýdygyny, ýagny, 2.9 milliard dollardygyny tassyklaýar.

Telewideniýede görkezilen dokumental film tomusky ýangynlaryň iň bir ýaramaz döwründe, Moskwanyň goýy tüsse bilen gaplanyp alnan günlerinde Ýuriý Lužkowyň şäherden daşarlara gezmäge gidendigini aýdyp, muny tankytlaýar we diňe bir beýle tankyt bilen hem çäklenmeýär.

Bu programmada çykyş eden žurnalist: «Moskwanyň tüssesine gaýdyp gelmek bilen, Lužkow öňi bilen näme etdi? Ol ýardam bermek üçin, kime elini uzatdy? Eýsem, ol nädip maýyplara 105 million rubl, bal arylary üçin bolsa 256 million rubl goýberip bilýär» diýip, kinaýaly sorag goýýar.

Käbir synçylar 73 ýaşly Ýuriý Lužkowyň birgiden geň-taň pişeleriniň hatarynda onuň bal arylaryny saklap, bal tutmak pişesiniň hem bardygyny belleýärler.

Putiniň ýakyn dosty

Şu çaka çenli Lužkow Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň ýakyn dosty hökmünde tanalyp gelinýär. Ýöne prezident Dmitriý Medwedew bilen onuň gatnaşyklary welin, gitdigiçe ýaramazlaşýana meňzeýär.

Geçen hepde Ýuriý Lužkow öz ýazan makalasynda ýurduň jemgyýetinde adamlaryň keýpiniň «agyrdygyny» belläp, prezident Medwedewiň Himki tokaýlygynyň üstünden geçmeli transport ýol gurluşyk proýektini togtatmagyny hem tankytlady.

Onuň bu makalasynyň yzy bilen öz adynyň tutulmagyny islemedik Kremle degişli bir çeşme Orsýetiň habar agentligine beren maglumatynda Moskwanyň käbir resmileriniň Putin bilen Medwedewiň arasyna çöp atmaga synanyşýandyklaryny we beýle synanyşyklaryň jezasyz goýulmajakdygyny aýtdy.

Lužkowa garşy basyşlara geçen hepde Kremliň esasy ideologçysy Wladislaw Surkow hem goşulan ýaly boldy. Ol öz çykyşynda regional ýolbaşçylaryň 70 ýaşdan garry adamlar bolmaly däldiklerini öňe sürdi.

Käbir synçylar Lužkow bilen baglanyşykly soňky wakalaryň Dmitriý Medwedew bilen Wladimir Putiniň arasynda dörän towlardan habar berýän bir alamat bolmagynyň hem mümkindigini öňe sürýärler.

Her nähili bolanlygynda-da, edil häzir Moskwanyň meri Ýuriý Lužkow öz wezipesinden meýletinlik bilen çekiljek adama meňzänok. Hepdäniň anna güni habarçylar ondan häzirki wezipe möhleti tamamlanýança wezipesinde galmakçymy ýa däldigi barada soranlarynda, ol öz wezpesinde galmazlyk üçin hiç hili sebäbiň ýokdugyny nygtady.
XS
SM
MD
LG