Sepleriň elýeterliligi

Külli musulmanlaryň pygamberi Muhammediň hadyslarynda: «Sözleriň iň ýagşysy, iň sogaplysy zalym patyşalaryň huzurynda durlup aýdylýan hakykatdyr» diýlen jümleler bar.

Hakykaty eşitmegi köp patyşalar halamaýar. Sebäbi köp patyşalar patyşalygyny mydama ýalana duwlanyp dolandyrýarlar.

Gadymyýetde patyşalaryň köpüsi özüni Hudaý hasap edipdir. Diňe gadymyýet däl, özüni pygamber saýanlaryň birine biziň döwürdeşlerimiziň özi hem şaýat boldy. Türkmen şahyry Baýram Jütdiýewiň «Otludan Hudaý düşüp gelýär» diýip, Türkmenistanyň öňki prezidenti Nyýazowy Hudaýa deňäp ýazan goşgusy köpleriň ýadynda bolsa gerek. Ýöne özi hakda şol goşgy ýazylanda Nyýazow «Meni Hudaýa deňemäň» diýip, garşylygam görkezmändi. Hiç zatdan heder etmese, özüni Hudaýa deňejek ýolbaşçy hem, özüni Hudaý saýjak ýolbaşçy hem biziň asyrymyzda-da tapylman durjak däl.

Jemşit patyşa we heýkel

Gadymyýetde ýaşap geçen patyşalaryň biri Jemşit patyşa hem özüni Hudaý hasap edipdir. Ol heýkeltaraşlara palçykdan öz keşbini ýasamagy tabşyrypdyr hem-de olary öz raýatlarynyň her biriniň öýüne paýlap çykmagy tabşyrypdyr. Irden turup, hemmeleriň öz heýkeline çokunmalydygy hakda perman beripdir.

Jemşit patyşanyň heýkelini öýlere paýlaýjylar gije diýmän, gündiz diýmän, oba-oba, şäher-şäher aýlanypdyrlar hem-de her bir öýe Jemşit şanyň heýkelini beripdirler. Şanyň irden turup, heýkele çokunmak baradaky permanyny hem her bir adama ýekeme-ýeke düşündiripdirler.

Heýkel paýlaýjylar köneje kepbesiniň öňünde çaý içip oturan bir ýaşulynyň-da ýanyna baryp, oňa-da ile berlen heýkeli uzadypdyrlar hem-de Jemşit şanyň permanyny düşündiripdirler.

Ötüp-geçip duran derwüşlerden dünýede ýeke Hudaýyň barlygy hakdaky gürrüňleri diňläp ýören ýaşuly heýkel getirijileriň eline beren heýkeline seredip, loh-loh gülüpdir hem-de Jemşit şanyň-da hemmeler ýaly adamdygyny, onuň hiç wagt hem Hudaý bolup bilmejekdigini aýdypdyr. Elindäki palçyk heýkeljigi bolsa ýere oklap goýberipdir. Özüniň-de Jemşit şanyň heýkeline hiç wagt çokunmajakdygyny aýdypdyr.

Hudaý saýyp ýören patyşalary hakda hiç wagt beýle aýylganç sözleri eşidip görmedik heýkel paýlaýjylar Jemşit şanyň heýkelini döwen ýaşulynyň ýanyndan ýüzlerini ak tam edip gaçyp gaýdypdyrlar hem-de ähli bolan wakany tizden-tiz Jemşit patyşa ýetiripdirler. Bu habara Jemşit şa diýseň dergazap bolupdyr. Gahardan ýüregi agzyndan çykaýjak bolup urnupdyr. Ol hiç wagt özüniň höküminiň ýetýän ýerinde özüniň garşysyna gepläp biljek adam bardyr öýdüp, pikir hem etmän eken.

Jemşit şa öz heýkelini döwen ýaşulyny derrewiň özünde huzurynda dikmegi buýrupdyr. Çapawullar ýaşulyny dessine atyň yzyna tirkäp alyp gelipdirler. Ýaşuly bolsa ýylgyrýarmyş. Ol Jemşit şany görenden ha-ha-haýlap gülüp başlapdyr. Şa ondan näme üçin gülýänini sorapdyr. Ýaşuly Jemşit şanyň özüni Hudaý hasap edýänine gülýändigini aýdypdyr. Jemşit şa ony tä özüniň Hudaýlygyna ynanýança saýmagy tabşyrypdyr. Garaz, jeza berijiler ýaşulyny gamçylapdyrlar, ýaşuly bolsa birsyhly gülýärmiş. Ol asla Jemşit patyşa özüniň ony Hudaý hasaplajakdygyna söz bermändir. Jeza berijiler ýaşulyny urup-urup, ahyry öldüripdirler.
Ýaşuly ölüpdir. Ýöne onuň aýdyp giden sözleri welin Jemşit şanyň ýüreginden hiç çykmandyr. Onuň: «Sendenem Hudaý bolarmy!» diýen sözleri şanyň gulaklarynda ýaňlanyp durmuş. Ýaşulynyň aýdyp giden sözleri Jemşit şanyň ganyny barha çogdurýarmyş. Gahardan ýüregi barha çalt urýarmyş. Ol gaharlar Jemşit şany näsaglyga eltipdir. Näsagyň düşeginden galman hem Jemşit şa aradan çykypdyr.

Rowaýat aýdýarlar: ol dünýede Jemşit şa bilen heýkeli döwen ýaşulynyň ruhlary biri-birine sataşypdyr. «Meni Hudaý saýyp, uly il ýaly sesiňi çykarman oturan bolsaň, entekler öýüňde ýaşar ýörerdiň» diýip, Jemşit şa ýaşula ýüzlenipdir. «Men hakykaty aýtdym, ýagny seniň Hudaý däldigiňi, uly il kimin, adam ogludygyňy uly ile hem saňa ýetirdim» diýip, ýaşuly patyşa jogap beripdir. «Şeýdip, jebir çekip, gazanan zadyň näme seniň, bakyýetmi?» diýip, Jemşit şa ýene ondan sorapdyr. «Meniň sözlerim hem-ä halkyň aňyny açdy, olar seniň Hudaý däldigiňi eşitdiler, hem men hakykaty aýdyp, halky bir zalymdan dyndardym» diýip, ýaşuly jogap beripdir.

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG