Sepleriň elýeterliligi

Binýamin Netenýahu bilen Mahmud Abbas duşuşýar


Müsüriň kurort şäheri Şarm-aş-Şeýhde şu gün Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netenýahu bilen Palestin awtonomiýasynyň lideri Mahmud Abbas duşuşýar.

Müsüre barýan ABŞ-yň Döwlet sekretary Hillary Klinton gepleşige gatnaşýjylara bir ylalaşyga gelmäge wagt boldy diýdi.

Şeýle hem Klinton Ysraýylyň Günbatar kenardaky gurluşyklary saklamak kararyny ýene uzaltmalydygyny aýtdy. Ýöne ýekşenbe güni Netenýahu ol işi saklamagyň dowam etdirilmejekdigini, diňe alnyp barylýan işleriň depgininiň peseljekdigini mälim edipdi.

Eger Ysraýyl gurluşyk işlerini ýaňadan başlasa, Abbas gepleşikleri taşlap gitjekdigi bilen haýbat atdy.
XS
SM
MD
LG