Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wensueladaky uçar heläkçiliginde 15 adam öldi


Wenesuelada ýüze çykan uçar heläkçiliginden ölenleriň sany 15 adam boldy. Bu barada halas edijiler toparynyň ýolbaşçysynya salgylanyp, “Reuters” agentligi habar berýär.

Uçardaky 36 ýolagça diri galmak başardypdyr. Häzir olar keselhana ýerleşdirildi. Olaryň köpüsiniň ýagdaýy agyr diýip, ýerli metbugat habar berýär.

Soňky tassyklamalara görä, uçarda 47 ýolagçy hem 4 ekipaž, jemi 51 adam bar eken.

Döwlet awiakompaniýasyna degişli bu uçar Wenesuelanyň gündogarynda ýere injek mahaly heläkçilige uçrady. Heläkçiligiň sebäbi entek mälim däl.
XS
SM
MD
LG