Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň meri wezipesinden çekilmekçi däl


Moskwa şäheriniň meri Ýuriý Lužkow Ren-TW telekanalyna beren interwýusynda köpçülikleýin habar serişdeleriniň tankydy üçin wezipesinden çekilmekçi däldigini aýtdy.

Duşenbe güni agşam telekanal ol interwýudan bölek görkezdi.

Lužkow soňky günlerde aýdylýan tankyt bilen ylalaşmaýandygyny mälim etdi.

NTV telekanaly Lužkowyň administrasiýasynyň korrupsiýa batandygyny, öz aýaly Ýelena Baturinanyň «Inteko» gurluşyk kompaniýasy bilen ylalaşyk baglaşmagyna ýardam edendigi tankytlady.

Ýelena Baturina Orsýetdäki iň baý aýallardan biri hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG