Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň diplomatlary Ýewropanyň şäherlerine gaçýar


Belgiýada Eýranyň diplomaty öz ýurdunyň ilçihanasyny taşlap, Norwegiýa gaçdy.

Duşenbe güni Ýewropada hereket edýän “Ýaşyl tolkun” atly Eýranyň oppozisiýa hereketiniň wekilleriniň aýtmagyna görä, ilçihananyň metbugat wekili Farzad Farhanjiýan anna güni Osla uçupdyr.

Duşenbe güni irden Helsinkide işleýän beýleki eýranly diplomat Hosseýin Alizade Finlandiýadan syýasy başpena sorapdyr. Ol anna güni Eýran ilçihanasyny terk eden eken.

Mundan öňinçä Alizade 2009-njy ýylyň iýunynda geçen prezidentlik saýlawlary meselesinde Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejady tankyt edipdi.
XS
SM
MD
LG