Sepleriň elýeterliligi

T.Begmedowa: «Raýatlary ýanamagy bes etmeli»


T.Begmedowa: "Raýatyň hukuklaryny basgylany üçin temmi berlen ýeke resmi barada hem habar çykmady".

T.Begmedowa: "Raýatyň hukuklaryny basgylany üçin temmi berlen ýeke resmi barada hem habar çykmady".

Žurnalist Ogulsapar Myradowanyň türkmen türmesinde gümürtik ýagdaýda ýogalanyna dört ýyl boldy. Emma türkmen häkimiýetleri bu ölümiň sebäplerini açyk derňemek we jemgyýetçilige aýan etmek baradaky çagyryşlara henizem jogap berenok.

Eýsem Türkmenistanda adam hukuklary babatda nähili ilerlemeler, nähili kynçylyklar bar? Azatlyk Radiosy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň öňüsyrasynda ýurtdaky hukuk ýagdaýy barada pikirini aýtmagyny sorap, adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki toparynyň başlygy Täjigül Begmedowa ýüz tutdy. Söhbetdeşligi Ýowşan Annagurban alyp bardy.

Azatlyk Radiosy: Täjigül, Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilişini gowulaşdyrmak barada aýdylýan sözlere we işe nähili garaýarsyňyz?


T.Begmedowa
Täjigül Begmedowa:
Prezident Berdimuhamedow her çykyşynda diýen ýaly jemgyýeti liberallaşdyrmaga we adam hukuklary babatdaky ýagdaýy gowulaşdyrmaga çagyrýar. Hatda ol «Döwlet adam üçin» diýen şygary öňe sürdi. Emma diňe şu tomusda bolan zatlary ýatlalyň. Goşa raýatlyk babatdaky problemalar, žurnalist A.Rahymowyň deportasiýa edilmegi, žurnalist är-aýal Mätiýewleriň ýurtdan çykmagyna döredilen emeli päsgelçilikler, iýun aýynda Umyda Jumabaýewanyň goýberilmezligi, Gyrgyzystanda okaýan studentlere bökdençlik döredilmegi. Munuň üstüne döwlete degişli däl guramanyň 30 müňden gowrak adamy öz içine alýan «gara sanaw» maglumatyny hem goşalyň. Türkmen tarapy bu meseleleriň hiç biri barada anyk bir zat aýtmady.

Mundanam başga, sud reformasy, türme sistemasy babatdaky reforma doňup galdy. Jaýy ýykylan ýa jaýlary indi ýykyljak adamlaryň meselesini çözmekdäki süýrenjeňlik dowam edýär. Korrupsiýa bolsa aldygyna ösmek bilen…

Azatlyk Radiosy: Siz Nyýazow döwründen tapwutlylykda käbir oňyn üýtgeşmeleriň bolandygy baradaky optimistik pikirleri inkär edýärsiňizmi?


Täjigül Begmedowa: Prezidentiň täze partiýalary açmak baradaky çagyryşy türkmen ýagdaýy bilen o diýen tanyş bolmadyk adamlarda belli bir optimizm döretdi. Ýöne ekspertler bada-bat prezidentiň goýýan şertlerine, partiýanyň döwlet liniýasyny ýöretmelidigine, oba hojalyk partiýasy bolmalydygyna ünsi çekdiler. Netijede biz garaşsyz partiýa däl-de, ýurtdaky ýeke-täk partiýanyň ekiztaýyna eýe bolýarys.

Türkmenistanda häkimiýet çalşanda syýasy sebäpler esasynda basylan adamlaryň azat edilmegine umyt edilipdi. “Human Rights Watch”, “Amnesty Internatinal” guramalarynyň, biziň guramamyzyň alada bildiren tussaglarynyň ykballary henizem näbelliligine galýar. Žurnalist Ogulsapar Myradowanyň şübheli ýagdaýda türmede ýogalanyna dört ýyl boldy. Emma häkimiýetler bu işi, şol sanda Ogulsaparyň kärdeşleri Amangylyjowyň, Hajyýewiň işlerini derňemek boýunça komissiýa hem döretmediler. Bularyň işleriniň galplaşdyrylandygy göze görnüp dur. Olar şindi hem türmede otyr we olara birnäçe ýyllap ne ýakynlary bilen duşuşmaga, ne öýlerinden azyk almaga rugsat edildi. Bize gowuşýan habarlara görä, tussaglaryň köpüsiniň ýagdaýy şeýle.

Türkmen türmelerindäki ýagdaý çynlakaý alada döredýär, emma häkimiýetler ol ýere Halkara Gyzyl Haç komitetiniň we döwlete degişli däl guramalaryň synçylarynyň baryp görmegine rugsat bermeýärler. Munuň üstesine, öz hak-hukugy üçin ýerli häkimiýetlere arz eden raýatlaryň hem ýanalýandygy eşidilýär.

Azatlyk Radiosy: Siz şeýle raýatlar, ýagny häkimiýetelere arz edeni üçin ýanalýan adamlar barada anygrak aýdyp bilmezmisiňz?

Täjigül Begmedowa: Aýdaly, Balkan welaýatyndan, Sakar obasynyň ýaşaýjysy Amangelen Şapudakow agyz suwy meselesinde arz edeni üçin häkimiýetler tarapyndan ýanalyp ýör. Biraz öň türmede gümürtik ýagdaýda ölen Şiri Geldimyradow hakynda habar geldi. Ol bikanun türmä basylan ogullaryny boşatmak üçin arz edip, ahyrynda beýleki ogullary bilen bilelikde türmä basylypdyr. Onuň ýedi oglunyň türmede oturandygyny aýdýarlar.

Ýa-da bolmasa häkimiýetler aşgabatly Akjagüliň «Gaudan» mikroraýonyndaky hususylaşdyrylan kwartirasyny elinden alypdyrlar. Sazak Begmedow 2002-nji ýylda şol wagtky şäher häkimi Derýa Orazowyň bikanun işlerinden şikaýat edeni üçin 4 otagly, hususylaşdyrylan kwartirasyndan mahrum boldy, uruldy, paýtagtdan çykaryldy. Häkimiýetler onuň şikaýatlaryna diňe başdansowma jogap bermek bilen oňýarlar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda häkimiýet çalşandan soň prezidentiň ýanynda raýatlaryň arza-şikaýatlaryna seretmek boýunça ýörite kommissiýanyň döredilendigi habar berlipdi. Bu komissiýanyň işi nähili boldy?

Täjigül Begmedowa: Gynansak-da, il içinden gelýän habarlara görä, bu komissiýadan hem netije az boldy. Has dogrusy, prezidentiň ýanyndaky komissiýa gaty ýaramaz işleýär. Başda onuň daşynda uly şowhun turuzdylar. Emma ol komissiýa diňe arzalary kabul edýär we awtomatiki usulda üstünden arz edilýän adamlara ýa gurama geçirýär. Ýa-da bolmasa ol arzalara, derňemäge esasyň ýokdugyny aýdyp, başdansowma jogap berilýär. Kanun goraýjy guramalarda işleýän çinownikler bolsa, ozalkylary ýaly, temmisiz galmagyny dowam etdirýär. Raýatyň hukuklaryny basgylany üçin temmi berlen ýeke resmi barada hem habar çykmady.

Azatlyk Radiosy: Türkmen raýatlary BMG-niň Adam hukuklary boýunça komissiýasy ýaly halkara guramalaryna ýüz tutmak hukuklaryndan peýdalanmaýarmy?

Täjigül Begmedowa: Biz şeýle synanyşyklaryň, ýagny BMG-niň Adam hukuklary boýunça komissiýasynda hasaba alnan şikaýatlaryň onlarçasyny bilýäris. Mysal üçin, 2002-nji ýyldaky kast ediş synanyşygy diýilýän iş boýunça we beýleki hukuk bozmalar hakynda şikaýat edilipdir. Ol şikaýatlaryň käbiri hasaba alynmak stadiýasynda bolsa, bir topary seredilmek stadiýasynda. Golaýda türk raýaty M. A. (Men onuň adyny aýtmakdan saklanýaryn – T.B.) şol gurama şikaýat arzasyny ýollady. Ol türkmen kanun goraýjylarynyň özüni talap, soňundanam türmä basandyklaryny aýdýar.

Häzir M.U. BMG-niň Adam hukuklary komissiýasyna şikaýat arzasyny taýynlaýar. Ol öz adamsy türkmen türmesinde dereksiz ýitendir diýip güman edýär. Meniň pikirimçe, wagty gelende, halkara düzgüni boýunça, Türkmenistan bu guramanyň soraglaryna jogap bermeli bolar.

Azatlyk Radiosy: Siziňçe, halkara guramalarynyň hukuk meselesinde türkmen raýatlaryna nähilidir kömek edip bilmegine umyt barmy? Kähalatda bu guramalaryň işi hakynda göwnüçökgün pikirler eşidilýär.


Täjigül Begmedowa: Halkara guramalarynyň türkmen raýatlaryna edip biljek kömeginiň derejesi şol raýatlaryň özlerine hem bagly diýip pikir edýärin. Eger-de raýatlar gorkup ýa çekinip, öz meselelerini aýtman ýa başga birleriniň aýdaryna garaşyp otursalar, halkara guramalary olara kän kömek edip bilmez. Islendik meselede bolşy ýaly, bu ýerde hem taýagyň iki ujy bar. «Dymmak razylygyň alamaty» diýilýär. Eger halk köpçüligi, biknunçylyga sezewar bolan ýagdaýynda ýa şeýle zada şaýat bolanda dymýan bolsa, ol öz durmuşyndan we häkimiýetleriň edýän zatlaryndan razy hasaplanyp biler. Şu sepäpden, eger hukuklaryňa eýe bolmak isleseň, ýeriňden turmaly-da, öz sözüňi aýtmaly. Şonda halkara guramalary has gowy kömek edip biler.

Azatlyk Radiosy: Bilşimiz ýaly, Türkmenistan öz halkara abraýynyň ýokarlanmagy barada alada edýär. Siziňçe, resmi Aşgabat, türkmen raýatlarynyň halkara guramalaryna barha we barha köp ýüzlenmezligi, netijede Türkmenistanyň hakytdanam hem öz halkara borçlaryny ýerine ýetirýän ýurt bolmagy üçin näme etmeli?

Täjigül Begmedowa: Resmi Aşgabat raýatlary yzarlamagy, ýanamagy bes etmeli we syýasy tussaglar, wyždan bendileri diýilýänleriň türmeden boşadylmagy baradaky şikaýatlary diňlemeli. 2006-njy ýylyň sentýabrynda türmede ýogalan žurnalist Ogulsapar Myradowanyň ölüminiň sebäplerini derňemäge başlamaly. Adam hukuklaryny üpjün etmek, Nyýazow režimi tarapyndan bikanun ejir çeken raýatlaryň ählisini aklamak we olara kompensasiýa tölemek boýunça ählumumy prosese başlamaly. Raýatlara hakyky hereket azatlygyny bermeli, «gara sanawlary» ýatyrmaly we olary düzýän resmilere temmi bermeli. Metbugat azatlygyna, žurnalistleriň ýurt içinde arkaýyn öz işini edip bilmegine şert döretmeli. Döwlete degişli däl guramalaryň döwlet tarapyndan päsgelçiliksiz işläp bilmegine, şol sanda daşary ýurtlarda hasaba alnan jemgyýetçilik guramalarynyň Türkmenistanyň içinde işlemegine şert döretmeli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG