Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ymam Rauf: “Metjit planyna ýalňyş düşünildi”


11-nji sentýabr hüjümlerinde pida bolanlaryň maşgalalary bu Yslam merkeziniň gurulmagyna ölenleriň hatyrasyna hormatsyzlyk etmek diýip, berk garşy çykýarlar.

11-nji sentýabr hüjümlerinde pida bolanlaryň maşgalalary bu Yslam merkeziniň gurulmagyna ölenleriň hatyrasyna hormatsyzlyk etmek diýip, berk garşy çykýarlar.

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Nýu Ýorkda terroristik hüjümleriň bolan ýeriniň golaýynda gurulmagy planlaşdyrylan metjit we Yslam merkeziniň proýeketine ýolbaşçylyk edýän ymam jemgyýetçiligiň bu plana ýalnyş düşünendigini aýdýar.

12-nji sentýabrda Nýu Ýorkda Daşary gatnaşyklar baradaky geňeşde ymam Feýsal Abdul Rauf bu proýekt baradaky dartgynlygy gowşatmaga synanyşdy. Ol: “Bu teklibiň beýle syýasylaşdyryljakdygyny bilen bolsam, bu merkezi başga bir ýerden gurmagy planlaşdyrardym” diýdi.

Ymam Feýsal Abdul Rauf Nýu Ýorkda Daşary gatnaşyklar baradaky geňeşde, 12-nji sentýabr
Amerikan raýaty, 1983-nji ýyldan bäri Nýu Ýorkda ymamlyk edýän Rauf: “Yslam merkezi ýeke bir musulmanlar üçin däl, ol ähli dinlere eýerýänler üçin özara duşuşmaga ýer bolar” diýip, söz berdi.

“Bu merkez ähli dini ynançlara eýerýänlere, ýaranlar, paýdarlar hökmünde ikitaraplaýyn sylag-hormat içinde özara duşuşmaga ýer bolar. Ol Nýu Ýork şäherine, Amerikanyň tutuş ýurtdaky musulmanlaryna, dünýädäki amerikanlara şöhrat getirer” diýip, Rauf aýtdy.

Ymam Rauf bu proýekte garşy çykýanlar barada hem durup geçip, “Ground Zero” diýip atlandyrylýan ýere, tankytçylaryň aýdyşy ýaly, mukaddes mekan diýip garalmaýandygyny belledi. Ol: “Müňlerçe adamyň ölen bu ýeri eýýäm humarbazlaryň, striptizhanalaryň öýjügine öwrüldi” diýdi.

Esasy göreş "her diniň öz içinde"

11-nji sentýabr hüjümlerinde pida bolanlaryň maşgalalary bu Yslam merkeziniň gurulmagyna ölenleriň hatyrasyna hormatsyzlyk etmek diýip, berk garşy çykýarlar. Ymam: “Yslam merkeziniň maksadyna ýalňyş düşünildi” diýip, Birleşen Ştatlardaky radikal syýasy güýçleri bu jedeli öz maksatlary üçin ulanýanlykda aýyplady.

“Men käbir adamlaryň biziň niýetimize ýalňyş düşünendigine gynanýaryn. Bu syýasy çekeleşikli döwürde käbirleriniň bu meseläniň öz maksatlary üçin ulanmagy meni gaty biynjalyk edýär. Getirilýän delilleriň bilgeşleýin berlen ýalňyş maglumatlara esaslanýandygy meni umytdan düşürýär” diýip, Rauf öz pikirini mälim etdi.

Ymam hakyky oňuşmazlygy dinçi ekstermistler bilen dini taýdan aram güýçleriň arasyndaky ylalaşmazlyk diýip suratlandyrdy. Ol öz sözüni şeýle jemledi: “Radikal ekstermistler bize tutuş dünýäde musulmanlar bilen musulman dälleriň arasynda göreş barýar diýip, ynandyrjak bolýarlar. Käbir intellektuallar we akyldarlar hem bu düşünjäni güýçlendirýärler. Bu pikir ýalňyş. Hakyky söweş musulmanlar bilen musulman dälleriň arasynda baranok. Ol her bir dinde aram toparlar bilen ekstremistleriň arasynda barýar”.
XS
SM
MD
LG